HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Raisine ýene iki sany türkmen alabaýyny sowgat berdi

Maý 25, 2026 | 02:45 |5974
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanowa türkmen alabaýynyň iki sany güjügini — Alabaý atly erkek güjügi we Alaja atly urgaçy güjügi sowgat berdiTürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanowa türkmen alabaýynyň iki sany güjügini — Alabaý atly erkek güjügi we Alaja atly urgaçy güjügi sowgat berdi
Çeşme: rais.tatarstan.ru

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik we medeni gatnaşyklar nobatdaky aýdyň hem-de simwoliki subutnamasyna eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanowa türkmen alabaýynyň iki sany güjügini — Alabaý atly erkek güjügi we Alaja atly urgaçy güjügi sowgat berdi. Şu ýylyň mart aýynda doglan arassa ganly türkmen alabaýlarynyň resmi şahadatnamasyny Kazan şäherinde Russiýanyň bu sebitiniň ýolbaşçysyna Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti Batyr Rejepow gowşurdy.

Bu sowgat birnäçe ýyl mundan ozal binýady goýulan dostlugyň we özboluşly däp-dessuryň gönüden-göni dowamy boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda «KazanForum» halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Kazan şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda, Rustam Minnihanow belent mertebeli myhmana 2021-nji ýylda sowgat berlen ilkinji türkmen alabaýy — Akdusy görkezdi.

Tatarystanyň Raisi sowgady kabul edip, respublika bolan üýtgewsiz mähirli we aýratyn garaýşy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de ähli doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Sebitiň ýolbaşçysy bilen bilelikde, kiçijik Alabaýy we Alajany Kazanyň «Ýaş kinolog» klubynyň agzalary hem uly joşgun bilen garşyladylar. Sport-amaly itşynaslyk federasiýasynyň ussat tälimçileri çagalar üçin açyk sapak geçirip, Türkmenistanyň janly gymmatlygy we milli buýsanjynyň nyşany bolan türkmen alabaýynyň özboluşly häsiýeti, wepadarlygy, durnuklylygy hem-de müňýyllyklara uzaýan taryhy barada gürrüň berdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026