HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda galla oragy möwsüminiň başlanjak seneleri mälim boldy — orak 3-nji iýunda başlar

Maý 24, 2026 | 18:13 |3477
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji maýda, anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda 2026-njy ýylyň galla oragy möwsümine resmi taýdan ak pata berdi we sebitler boýunça oraga başlamagyň tertibini tassykladyTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji maýda, anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda 2026-njy ýylyň galla oragy möwsümine resmi taýdan ak pata berdi we sebitler boýunça oraga başlamagyň tertibini tassyklady
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji maýda, anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda 2026-njy ýylyň galla oragy möwsümine resmi taýdan ak pata berdi we sebitler boýunça oraga başlamagyň tertibini tassyklady.

Döwlet Baştutanynyň kararyna laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary 3-nji iýunda bugdaý oragyna girişerler, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary bolsa bu möwsüme az-kem soňrak — 10-njy iýunda girişerler.

Asylly däbe görä, orak möwsümine hormatly ýaşulular meýdanlarda ak pata bererler. Onuň öňisyrasynda bolsa alymlaryň, tejribeli agronomlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahatlar geçiriler.

Galla oragynyňk möwsüminiň möhletleriniň bellenilmeginiň öňisyrasynda, wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň ýurduň oba-senagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy baradaky jikme-jik hasabaty diňlenildi. Türkmenistanyň gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek we ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýandygy bellenildi.

Daşoguz welaýatynda şaly ekmek işleri geçirilýär, Lebap welaýatynda şaly ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen birlikde ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de bu önümler bilen içerki bazarlary ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähli toplumyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we türkmen daýhanlaryna ýokary zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026