Habarlar

Hytaý ähli türgenleriň halkara ýaryşlaryna gatnaşmak hukugyny gorarHytaý ähli türgenleriň halkara ýaryşlaryna gatnaşmak hukugyny gorar

Hytaý ähli türgenleriň halkara ýaryşlaryna gatnaşmak hukugyny gorar

Hytaýyň Olimpiýa komitetiniň internet sahypasynda "Hytaýyň Olimpiýa komiteti “dünýäniň dürli künjeklerinden bolan türgenleriň ýaryşlara gatnaşmaga deň nukuklary bolmaly” diýip hasaplaýar we russiýaly hem-de belarusssiýaly türgenleriň Aziýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmäge taýýar" – diýilýär. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär.

Türkmenistanda Watan goragçysynyň gününi bellenildiTürkmenistanda Watan goragçysynyň gününi bellenildi

Türkmenistanda Watan goragçysynyň gününi bellenildi

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri we söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal we göreldeli zähmetini hem-de döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň uly topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy.