

Türkmen kompaniýasy ýahtalaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär
2022-nji ýyldan bäri Türkmenistanda motorly we motorsyz gämileri öndürýän «Şanly mekan» Hojalyk jemgyýeti ýahtalaryň önümçiligini ýola goýmaklygy meýilleşdirýär.


2022-nji ýyldan bäri Türkmenistanda motorly we motorsyz gämileri öndürýän «Şanly mekan» Hojalyk jemgyýeti ýahtalaryň önümçiligini ýola goýmaklygy meýilleşdirýär.


Türkmenistanyň hökümetiniň howa boýunça Pariž ylalaşygynyň çäklerinde özüniň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekdäki tagallalaryny goldamak boýunça dialogy dowam etdirmek üçin ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň Klimatik toparynyň bäşinji Utgaşdyryjy ýygnagy geçdi.


Gündogar Ýewropadaky iri IT kompaniýalarynyň biriniň – IBA Group-yň wekiliýeti – «Türkmendemirýollary» agentliginiň we AGPJ «Demirýollarynyň» ýolbaşçylary bilen demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gepleşikleri geçirdi.


Aşgabat we Tbilisi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mehanizmini kämilleşdirmegiň üstünde işleýärler - diýip, Türkmenistanyň DIM-gi şertnama-hukuk binýadyny tükellemek meselesi boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleriniň netijesi boýunça habar berdi.


Iki döwletiň daşary syýasat edaralary Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar döwletine boljak resmi saparyna taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň döwlet baştutanynyň amala aşyrjak saparynyň maksatnamasy barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi.


«Agzybirlik tilsimaty» we «Aýdyň gijeler» Türkmen tehnologiýa kompaniýalary 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli noutbuk öndürmek we bilim edaralaryny üpjün etmek we olara hyzmaty bermek üçin ýurdumyzyň Bilim ministrligi bilen şertnama baglaşarlar.


Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


Şu gün Adalat köşgünde Türkmenistanyň Kazylarynyň V maslahaty geçirildi. Oňa ýokary Kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar.


Özbegistan ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň (TIFA) arasynda söwda we maýa goýumlary boýunça Çarçuwaly ulalaşyk geňeşiniň Samarkantda geçirilen mejlisinde Merkezi Aziýada ýeke-täk töleg ulgamyny döretmek teklibini öňe sürdi – diýip, Özbegistanyň metbugaty habar berýär.


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň ýyllyk mejlisinde Türkmenistana Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldymyradow wekilçilik etdi. Bu çäre adatça Halkara ykdysady forumy bilen bir wagtda geçirilýär. Bu ýyl işewür we hökümet wekilleri 97-nji gezek Moskwa ýygnandylar. Forum 17-nji martda Gyrgyzystanyň ýolbaşçylyk etmeginde Halkara söwda merkezinde geçirildi, – diýip GDA-nyň internet portaly habar berýär.


14-15-nji martda Özbegistanda beýik şahyr, Gündogaryň klassigi we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününüň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen medeni çäre, Horezm welaýatynda geçirildi, – diýip çäräniň guramaçysy bolup çykyş eden Özbegistandaky Türkmen ilçihanasy habar berýär.


Her ýyl 24-nji martda bellenip geçilýän inçekesele garşy Bütindünýä gününe bagyşlap, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistandaky wekilhanasy internet-bäsleşigiň geçirilýändigini yglan etdi.


Türkmenistanyň parlamenti «Brýussel şäherinde kabul edilen we Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmak hakynda» kanunyň kabul edilmegi üçin biragyzdan ses berdi.


17-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli türkmen işewürliginiň wekilleriniň sergisi başlandy. Ol ýurduň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 17-nji martdan 23-nji marta çenli dowam eder.


Türkmen parlamentine deputatlary saýlamagyň çäklerinde möhletinden öň ses bermek tapgyry 16-njy martda başlandy, ähli 2644 saýlaw uçastogy, şol sanda daşary ýurtdaky 42 uçastok saýlaw kompaniýasynyň başlanmagyna doly taýýardyr – diýip, ýurduň MST habar berýär.