17-nji marta Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçdi


Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri we saýlawlara görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, ykdysady toplumyň edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew nebitgaz toplumyny zerur serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de gowaça ekişine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýol- ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi döwrebap awtomobil ýolunyň we degişli düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň taslamasy barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ulgamlarynda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, şol sanda döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 1-nji synpa kabul ediljek okuwçylary noutbuk görnüşli kompýuterler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmak, aragatnaşyk ulgamyny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz saýlaw uçastoklarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmek üçin guramaçylyk çärelerini görmegiň, şeýle hem olaryň golaýynda göçme söwda nokatlaryny guramagyň möhümdigini nygtady.
Şeýle hem saýlaw uçastoklarynda jemgyýetçilik tertibiniň we ýangyn howpsuzlygynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegiň wajypdygy nygtaldy.
26-njy martda geçiriljek saýlawlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakadyr. Şonuň üçin hem bu işe jogapkärli garap, saýlawçylaryň erk-islegini erkin beýan etmegine şert döretmelidiris. Umuman, saýlawlary aç-açan, aýanlykda we demokratik esaslarda, bäsdeşlik şertlerinde, erkin we ýokary derejede geçirmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Mejlisde şeýle hem beýleki käbir meselelere garaldy hem-de dürli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.








