

Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň terminallary ynamdar dolandyryşa berlip bilner
Türkmenistan, Türkmenbaşydaky deňiz portunyň terminallaryny ynamdar dolandyryşa geçirmek mümkinçliklerini gözden geçirýär. Bu mowzuk Türkmenistanyň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we «KPMG Tax and Advisory LLC» halkara kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn-duşuşykda ara alyp maslahatlaşyldy, – diýip Suw ulaglary agentliginiň resmi saýtynda çap edilen habarda aýdylýar.




















