Sergeý Lebedew Türkmenistandaky parlament saýlawlaryna görülýän taýýarlyga ýokary baha berdi


GDA-dan synçylaryň missiýasynyň baştutany, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew 26-njy martda geçiriljek Türkmenistandaky parlament saýlawlaryna görülýän taýýarlyga ýokary baha berdi – diýip, TASS habar berýär.
«Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleri gowy gurnalypdyr, ol ýokary derejede geçýär» - diýip, ol Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkesi toparyň başlygy Myrat Gulmyradow bilen duşuşygynyň netijeleri boýunça žurnalistlere habar berdi.
Lebedew şeýle hem saýlaw uçastoklarynyň gerekli maglumat materiallary bilen üpjün edilişine, saýlaw kampaniýasynyň KHBS-de guramaçylykly ýaýbaňlandyrylmagyna, şol sanda dalaşgärleriň terjimehallarynyň we olaryň saýlawdan öňki maksatnamasynyň beýan edilýändigini belledi.
«Bularyň ählisi bize häzir Türkmenistanyň saýlawçylarynyň dogry saýlaw etmekleri üçin ýeterlik maglumat alýandyklary barada netijä gelmäge mümkinçilik berýär» - diýip, ol sözüni jemledi.
Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkesi toparyň başlygy bilen duşuşygynyň barşynda Sergeý Lebedew öňde duran parlament saýlawlarynyň ýene-de bir gezek ýurduň raýatlarynyň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini görkezjekdigine ynam bildirdi.
ORIENT habarlar








