Hytaýyň awiakompaniýasy aprel aýynda Urumçi-Aşgabat-Urumçi gatnawlaryny dikeldýär


China Southern Airlines awiakompaniýasy 26-njy aprelden Urumçi-Aşgabat-Urumçi ugry boýunça yzygiderli uçuşlary dikeldýär. Awiakompaniýanyň ofisinde «Orient»-e berlen habara görä, Hytaýyň şäheri bilen Türkmen paýtagtynyň arasyndaky uçuşlar häzirlikçe hepdede bir gezek amala aşyrylar. Geljekde bu ugurda uçuşlaryň sany artyp biler, - diýip Hytaýyň howa gatnawlary ofisinde aýtdylar.
Urumçi-Aşgabat ugry boýunça uçar sişenbe güni 22:20-de uçup, 23:30-da Aşgabat howa menziline gonar. Yzyna Aşgabat-Urumçi ugrundaky uçuşlar çarşenbe güni amala aşyrylar - 01:00-da uçup, 07:35-de Urumçi şäherine geler. Gidiş we geliş wagtlary ýerli sagatda görkezilen.
Aşgabat-Urumçi uçuşyna petegiň bahasy 560.00 ABŞ dollary bolup, iki ugur boýunça - 945.00 ABŞ dollarydyr. 32 kg goşlary mugt geçirip bilersiňiz.
Petekleri Aşgabatda, Magtymguly şaýoly 141/1, Ak-Altyn oteli, ofis 206 salgysynda ýerleşýän awiakompaniýanyň ofisinde alyp bilersiňiz. Iş wagty 10:00-dan 17:00-a çenli, günortanlyk dynç alyş 1 sagat.
Awiakompaniýanyň Aşgabatdaky ofisinde China Southern Airlines-iň HHR-nyň içerki uçuşlaryna petek satyn alyp bilersiňiz.
Maslahat we goşmaça maglumatlar üçin şu telefon belgilerinden habarlaşyp bilersiňiz: +99312 36-44-51
ORIENT news








