Habarlar

Plastik şu gün: häzirki zaman tehnologiýalary we daşky gurşawa idegPlastik şu gün: häzirki zaman tehnologiýalary we daşky gurşawa ideg

Plastik şu gün: häzirki zaman tehnologiýalary we daşky gurşawa ideg

Häzirki zaman adamyň ýaşaýşyny plastiksiz göz öňüne getirmek kyn. Tutuş ýigriminji asyra we ýigrimi birinji asyryň başyna bu maşgalanyň materiallarynyň giňden ulanylmagy sebäpli «plastik döwri» diýilýär. Plastikler hemme ýerde, oba hojalygynda, uçar önümçiliginde, ýeňil we agyr senagatda, lukmançylykda ulanylýar. Häzirki wagtda dünýä bir gezek ulanylýan agyz örtüklerini we elliklerini, lukmançylyk eşiklerini, şprisleri, gan guýma haltalaryny we şolarsyz lukmançylyk kömegini göz öňüne getirmek kyn bolan zatlary red etmäge taýýarmyka?

Türkmenistanyň Moldowadaky Ilçisi ýurduň Prezidenti we Daşary işler ministri bilen duşuşdyTürkmenistanyň Moldowadaky Ilçisi ýurduň Prezidenti we Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Moldowadaky Ilçisi ýurduň Prezidenti we Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Moldowadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataew anna güni Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sanduna ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň syýasy gepleşikleri yzygiderli berkitmäge we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryna ünsi çekdiler – diýip, Moldova news Noi.md habarlar portaly habar berýär.

«Diplomatic World» žurnaly Türkmenistanyň ykdysadyýeti, syýasaty we medeniýeti barada gürrüň berdi«Diplomatic World» žurnaly Türkmenistanyň ykdysadyýeti, syýasaty we medeniýeti barada gürrüň berdi

«Diplomatic World» žurnaly Türkmenistanyň ykdysadyýeti, syýasaty we medeniýeti barada gürrüň berdi

Ýewropada we dünýädäki diplomatik durmuş barada jemgyýetçilik pikirini emele getirýän täsirli dünýä guramasy bolan Brýusselde ýerleşýän abraýly «Diplomatic World» žurnaly 70 ýyllyk ýubileý sanynyň ýörite bölümini Türkmenistana we onuň ykdysadyýetde, energiýada, söwdada, medeniýetde we beýleki pudaklarda gazanan üstünliklerine bagyşlady.