Habarlar

Hytaýdan Merkezi Aziýa üstaşyr ýük akymlary Altynköl bekedine ugrukdyrylarHytaýdan Merkezi Aziýa üstaşyr ýük akymlary Altynköl bekedine ugrukdyrylar

Hytaýdan Merkezi Aziýa üstaşyr ýük akymlary Altynköl bekedine ugrukdyrylar

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky demir ýol ýük daşamalary Altynköl-Horgos alternatiw serhet geçelgesi boýunça ugra gönükdiriler. Gatnawlaryň aglaba köpüsi Hytaý bilen Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň arasyndaky ýüklere degişlidir. Alaşankou serhet geçelgesi ozalkysy ýaly, Hytaýdan Ýewropa we Russiýa gidýän otlylar, şeýle hem Gazagystana barýan otlylar üçin açykdyr.

Antwerpen has ýakynlaşyp biler: türkmen ilçisi Belgiýanyň welaýat ýolbaşçysy bilen duşuşdyAntwerpen has ýakynlaşyp biler: türkmen ilçisi Belgiýanyň welaýat ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Antwerpen has ýakynlaşyp biler: türkmen ilçisi Belgiýanyň welaýat ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Belgiýa kompaniýalarynyň maglumat tehnologiýalaryny durmuşa geçirmek, sanlaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýet taslamalaryny durmuşa geçirmek we täze türkmen şäheri Arkadagda ösdürmek ýaly ugurlarda maýa goýum geljegi Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow bilen Antwerpen welaýatynyň gubernatory Keti Beresiň arasynda 27-nji mart, duşenbe güni geçirilen duşuşygyň esasy mowzuklaryndan biri boldy.

Taýlandyň Phuket şäheriniň ýolbaşçylary jahankeşdeleri futbol düzgünleri boýunça tertip-düzgüne öwrenşdirýärTaýlandyň Phuket şäheriniň ýolbaşçylary jahankeşdeleri futbol düzgünleri boýunça tertip-düzgüne öwrenşdirýär

Taýlandyň Phuket şäheriniň ýolbaşçylary jahankeşdeleri futbol düzgünleri boýunça tertip-düzgüne öwrenşdirýär

Indi sary we gyzyl kartoçkalar Phuketde kanuny we tertibi bozan daşary ýurtly syýahatçylar alýarlar. Mundan başga-da, sary reňkli myhmana şäherdäki dynç alyşlaryny dowam etdirmäge mümkinçilik berýär, ýöne indiki gezek Taýlanda girmäge rugsat berilmeýär. Emma bikanun hereket edenler ikinji gezek gyzyl kartoçkanyň eýesi bolarlar we derrew ýurtdan çykarylar diýip, RIA habarlar agentligi Taýlandyň Phuket News gazetine salgylanýar.