HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Bütindünýä temmäkisiz gününiň bir aýlygyna badalga berildi

Maý 01, 2023 | 11:37 |6297
Her ýylyň 31-nji maýynda bellenip geçilýän Bütindünýä temmäkisiz gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BSGG-nyň Ýurt edarasy bilen bilelikde çäreleriň bir aýlygyna badalga berdiler.Her ýylyň 31-nji maýynda bellenip geçilýän Bütindünýä temmäkisiz gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BSGG-nyň Ýurt edarasy bilen bilelikde çäreleriň bir aýlygyna badalga berdiler.
Çeşme: BSGG-nyň Türkmenistandaky Ýurt edarasy

Her ýylyň 31-nji maýynda bellenip geçilýän Bütindünýä temmäkisiz gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BSGG-nyň Ýurt edarasy bilen bilelikde çäreleriň bir aýlygyna badalga berdiler.

Açylyş dabarasy 1-nji maýda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň binasynda geçirildi. Şeýle hem paýtagtyzdaky «Aşgabat» seýilgähinde çagalar üçin çäre guraldy, ol sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagy, bedenterbiýe we sport bilen kadaly meşgullanmagy wagyz etmäge niýetlenendir.

BSGG-sy temmäki epidemiýasyna we onuň ölüme getirip bilýän netijelerine bütin dünýäniň ünsüni çekmek üçin 1987-nji ýylda Bütindünýä temmäkisiz gününi esaslandyrdy. Bu ýyl ol «Bize temmäki däl-de, iýmit gerek» şygary astynda bellenip geçilýär we temmäki ösdürip ýetişdirýän fermerleriň alternatiw oba hojalyk ekinleri we bazar mümkinçilikleri barada habardarlygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem olary durnukly we iýmit beriji ekinleri ösdürip ýetişdirmäge höweslendirmäge gönükdirilýär.

Temmäkisiz fermalar (daýhan hojalyklary) — bu Keniýada badalga berlen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, şeýle hem Azyk we oba hojalyk guramasynyň Saglygy goraýyş ministrligi we Oba hojalyk ministrligi bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýan bilelikdäki başlangyjydyr. Başlangyç fermerlere temmäki öndürmekden eklenjiň alternatiw serişdelerine geçmäge kömek etmek üçin ekerançylygyň we marketingiň amatly we goldaw beriji ekoulgamyny döretmäge gönükdirilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026