Habarlar

Nokia 60 ýyldan soň ilkinji gezek öz logotipini üýtgederNokia 60 ýyldan soň ilkinji gezek öz logotipini üýtgeder

Nokia 60 ýyldan soň ilkinji gezek öz logotipini üýtgeder

Nokia täze logotip (söwda nyşanyny) goşup, brendiň ýüzüni üýtgetmek baradaky meýilleri barada yglan etdi, sebäbi kompaniýa ösmege üns bermegi we diňe bir smartfonlary öndüriji bolman, eýsem işewürlik üçin tehnologiýalary üpjün ediji bolmak isleýär. Brendi üýtgetmek 60 ýyldan soň ilkinji gezek bolup geçer. Bu barada baş direktor Pekka Lundmark özüniň Reutersagentligine beren söhbetdeşliginde mälim etdi.

Eýranyň Mazenderan welaýaty gazagystanlylar üçin syýahatçylyk ugurlarynyň birine öwrülerEýranyň Mazenderan welaýaty gazagystanlylar üçin syýahatçylyk ugurlarynyň birine öwrüler

Eýranyň Mazenderan welaýaty gazagystanlylar üçin syýahatçylyk ugurlarynyň birine öwrüler

Eýranyň özboluşly we tebigy baýlyklary bolan Mazenderan welaýaty Gazagystanyň ýaşaýjylary üçin syýahatçylyk ugry bolmak mümkinçiliklerine eýedir. Bu barada ýekşenbe güni Gazagystanyň Mangistau oblastynyň häkiminiň orunbasary Kanat Kuljanow Mazenderan welaýatynyň häkiminiň orunbasary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi baradaky meselelere bagyşlanyp geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça aýtdy.

Kuzbasda “Aziýanyň çagalary” atly ikinji gyşky Halkara oýunlarynyň açylyş dabarasy boldyKuzbasda “Aziýanyň çagalary” atly ikinji gyşky Halkara oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy

Kuzbasda “Aziýanyň çagalary” atly ikinji gyşky Halkara oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy

“Aziýanyň çagalary” atly II gyşky Halkara oýunlarynyň açylyş dabarasy şenbe güni Kuzbasda (Russiýa) geçirildi. Abraýly ýaryşa Aziýa ýurtlarynyň 12-sinden hem-de Russiýanyň sekiz sebitinden türgenleriň 867-si gatnaşýarlar. Ýaryş günlerinde ýaş türgenler sportuň 19 görnüşinde medallar toplumynyň 19-sy ugrunda bäsleşerler diýip, TASS habar berýär.