HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aziýanyň Agyr atletika federasiýasy türgenlere goldaw bermegi maksat edinýär

Maý 08, 2023 | 16:24 |9552
Aziýanyň Agyr atletika federasiýasy Hytaýyň ZKC enjam öndürijisi bilen
hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglaşdy. Federasiýanyň taryhynda iň uly täjirçilik
geleşigi Aziýada agyr atletika medeniýetini üýtgetmek üçin bilelikdäki iş
meýilnamasynyň çäklerinde türgenleri goldamak üçin 500 000 dollar
hemaýatkärlik goldawyny öz içine alýar.Aziýanyň Agyr atletika federasiýasy Hytaýyň ZKC enjam öndürijisi bilen
hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglaşdy. Federasiýanyň taryhynda iň uly täjirçilik
geleşigi Aziýada agyr atletika medeniýetini üýtgetmek üçin bilelikdäki iş
meýilnamasynyň çäklerinde türgenleri goldamak üçin 500 000 dollar
hemaýatkärlik goldawyny öz içine alýar.
Çeşme: insidethegames.biz

Aziýanyň Agyr atletika federasiýasy Hytaýyň ZKC enjam öndürijisi bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglaşdy. Federasiýanyň taryhynda iň uly täjirçilik geleşigi Aziýada agyr atletika medeniýetini üýtgetmek üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäklerinde türgenleri goldamak üçin 500 000 dollar hemaýatkärlik goldawyny öz içine alýar.

“Bizde ýurtlary goldamagyň täze strategiýasy bar. Agyr atletika üçin infrastrukturany gowulaşdyrmak isleýäris, bu türgenleri amatly türgenleşik zallary, zerur enjamlar, sauna, hatda türgenleşik merkezinde ulanmak üçin çalşyk eşikler bilen üpjün etmek ýaly ýönekeý zatlary-da aňladyp biler" – diýip, Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň (AWF) baş sekretary Muhammet Alharbi aýtdy.

Dört ýylyň dowamynda ZKC 105,000 dollarlyk enjam bilen üpjün eder we 20 000 amerikan dollaryny nagt pul görnüşinde bölüp berer. AWF hytaý öndürijisiniň enjamlaryny ähli ýaryşlarynda ulanar.

Goldaw bermek barada karar kabul edilmezden ozal, federasiýa türgenleriň sany we taýýarlyk derejesi, tälimçileriň we okuw merkezleriniň sany, şeýle hem hökümetiň bar bolan ýa-da bolup biljek goldawy barada jikme-jik maglumat bazasyny taýýarlar.

Baş sekretar berilýän goldawyň maksadalaýyk ulanylýandygyna göz ýetirmek üçin ýurtlara baryp görer.

Hytaýyň agyr atletika assosiasiýasy hem Hançžou şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde türgenleşik lagerinde Aziýaly türgenlere 40 sany mugt ýer bölüp bermek bilen kömek eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026