

BMG-niň agentlikleri we olaryň Türkmenistandaky milli hyzmatdaşlary resminamalaryň täze toplumyny kabul etdiler
Şu gün Türkmenistanyň DIM-de döwlet edarlarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen mundan beýläk-de gatnaşyk etmek hakynda resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Täze resminamalar 2021-2025-nji ýyllar üçin BMGÖM-e, UNISEF we UNFPA bilen bilelikdäki maksatnamalarda kesgitlenilen ileri tutulaýn ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.



















