

70-e golaý türkmen kompaniýalary türkmen-täjik işewürlik forumyna gatnaşar
Türkmenistandan 70-e golaý kompaniýa 9-njy aprelde Duşenbede boljak bilelikdäki türkmen-täjik işewürlik forumyna gatnaşar – diýip, Asia Plus habar berýär.


Türkmenistandan 70-e golaý kompaniýa 9-njy aprelde Duşenbede boljak bilelikdäki türkmen-täjik işewürlik forumyna gatnaşar – diýip, Asia Plus habar berýär.


Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipeleriniň biri bolmaly, - diýip Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda geçirilen Mejlisiniň ýedinji çagyryşynyň birinji maslahatynda deputatlara sözlän sözünde aýtdy.


Türkmenistan 2024-nji ýylda dabaraly we halkara derejesinde bellenjek Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny döreder.


Dünýägözel Akmuhammedowna Gulmanowa, penşenbe güni 6-njy aprelde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylşynyň birinji maslahatynda başlygy wezipesine saýlandy.


Özbegistanda ulanmaga ýaramsyz we saklaýyş möhleti geçen harytlar barada habar beren sarp edijiler sylaglandyrylar. Bu barada «Ilaty hilli sarp ediş harytlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen goşmaça çäreler barada» prezidentiň 4-nji apreldäki kararynda aýdylýar, - diýip Sputnik Özbegistan Respublikanyň Adalat ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanýar.


Taryhy we medeni ýadygärlikleri öwrenmek we dikeltmek boýunça Türkmenistanyň Milli Dolandyryşynyň we ýurdumyzyň Döwlet muzeýiniň wekilleri San-Antoniodaky Tehas uniwersitetinden kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi.


Her ýyl 7-nji aprelde bellenip geçilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Elektronika dünýäsi we Berkarar SDM-däki Samsung dükanlary super-aksiýa badalga berýärler.


Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Omuralyýew bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.


“Voices of Friends: Poetry and Arts” – «Dostlaryň sesleri» halkara bäsleşigiň guramaçylary döredijilikli we zehinli adamlary, şahyrlary we suratçylary ýaryşa gatnaşmaga çagyrýar.


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi.


2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna” we Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan kiçi futbol boýunça ýaryşy geçirdi.


Türkiýäniň parlamenti gaz merkezi taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen “Botas” döwlet nebitgaz kompaniýasynyň gurluşyna girizilen üýtgetmeleri tassyklady. Bu barada “Sabah” gazeti ýazýar.


Gyrgyzystanyň premýer-ministri Akylbek Žaparow respublikada ilkinji gün elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy – diýip, ýurduň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugy RIA Nowosti agentligine habar berdi.


Gazagystanyň parlamenti Türkmenistan bilen türkmen-gazak döwlet araçäginiň iş düzgüni hakynda ylalaşygy tassyklady – diýip, Gazagystanyň Parlamentiniň Majilisiniň resmi saýty habar berýär.


Hytaýda ilkinji ýüzýän deňiz ýel-energetika platformasy işlemeli ýerine eltildi – ol ýurduň günortasyndaky ada welaýat Haýnanyň Weýnan şäheriniň kenarýakasyndan 136 km uzaklykda ýerleşýän deňiz nebit ýatagyna goýberildi.