

Mary welaýatynyň käbir ilatly ýerleriniň telefon kodlary üýtgedi
Mary welaýatynyň Serhetabat we Oguzhan etraplarynyň telefon kodlary üýtgedi – diýip, «Marytelekoma» salgylanyp, “Maru-şahu jahan” gazeti habar berýär.


Mary welaýatynyň Serhetabat we Oguzhan etraplarynyň telefon kodlary üýtgedi – diýip, «Marytelekoma» salgylanyp, “Maru-şahu jahan” gazeti habar berýär.


Çarşenbe güni, 1-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda suwuklandyrylan gazy daşary ýurda ibermek barada geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Goşulmazlyk hereketinde hyzmatdaşlygyň anyk gün tertibi bar – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Goşulmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde eden çykyşynda aýtdy.


Penşenbe güni Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezinde (HHM) HHM bilen DIM-niň wekilleriniň Russiýanyň teleýaýlymlarynyň wekilleri bilen birnäçe onlaýn duşuşygy geçirildi. Russiýa Federasiýasyna gepleşiklerde “Bolşaýa Aziýa”, «Russia Today Documentary» we “Moýa planeta” ýaly meşhur media platformalary wekilçilik etdi.


Türkmenistanyň ulag we logistika kompaniýalaryny birleşdirýän «Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen Amerikanyň «DAI Global LLC» kompaniýasy çarşenbe güni iki ýurduň kärhanalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny düzgünleşdirýän Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu barada News Central Asia habar berýär.


Bu mowzuk, penşenbe güni Moskwanyň M. Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetinde geçirilen uniwersitetleriň Ýewraziýa birleşiginiň XV Gurultaýynyň esasylarynyň biri boldy – diýip, BELTA habar berýär.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropula Larisa şäheriniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly demir ýol heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.


Siziň Malta Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyňyzy hoşallyk bilen kabul etdim.


Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary wagtynda Aşgabatda mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goldawyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.


Gyrgyzystanyň sport durmuşynda ilkinji gezek thekwondo, dzýudo, grek-rim we erkin göreş boýunça kerleriň arasynda I Aziýa-Ýuwaş umman çempionaty geçirilýär. 1-12-nji mart aralygynda dünýäniň sekiz ýurdundan 300 töweregi türgen Bişkekde söweş sungatynda iň çüýçli türgen bolmak ugrunda bäsleşerler – diýip, Gyrgyzystanyň KHBS habar berýär.


BMG Howpsuzlyk Geňeşi, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Bütindünýä söwda guramasy we halkara maliýe guramalary uly özgertmelere mätäç - diýip, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu G20-ä girýän ýurtlaryň daşary ykdysady edaralarynyň ýolbaşçylarynyň penşenbe güni Nýu-Delide geçirilen mejlisinde aýtdy.


Sankt-Peterburgyň iň gadymy festiwaly şu ýyl çärýek asyrlyk ýubileýini belleýär. Bu ýyl rus dramaturgy Aleksandr Ostrowskiniň 200 ýyllygyna bagyşlanan GDA ýurtlarynyň XXV halkara «Russiýada duşuşyklar» atly teatr festiwaly, 7-nji aprelden 16-njy aprel aralygynda Demirgazyk paýtagtda geçiriler - diýip, GDA ýurtlarynyň portaly habar berýär.


Ilon Mask emeli intellektiň (EI) howpludygyny hasap edip, bu barada özüniň birahat bolýandygyny aýtdy. Ol ABŞ-nyň hökümetini bu tehnologiýany kadalaşdyrjy haýsydyr bir edarany döretmeklige çagyrdy – diýip, Reuters habar berýär.


Ýapon parathekwando göreşijisi Kenta Awatari mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin iş gözlegi bilen meşgullanýan kompaniýany esaslandyrdy.


Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Gyrgyzystanyň DIM-niň we Gyrgyzystanyň ulag we kommunikasiýa ministrliginiň wekilleri iki ýurduň ýük daşaýjylary üçin ýeňillikli şertleri döretmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.