

Türkmenistan we Ýaponiýa seýsmologiýa ugry boýunça tejribe alyşmaklygy gaýtadan dikeltdiler
Dünýä pandemiýasy sebäpli arasy kesilen Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky seýsmologiýa babatynda tejribe alyşmak maksatnamasy gaýtadan başlandy. Apreliň başynda seýsmolog Iseki Siniçi Aşgabada geldi – diýip, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.



















