

Meta Twittere göni bäsdeş boljak täze hyzmata badalga berýär
Mark Sukerbergiň Meta kompaniýasy Instagram-yň esasynda Threads atly täze platforma badalga berer, ol Ilon Maskyň Twitterine göni bäsdeş bolar- diýip, BBC ýazýar.


Mark Sukerbergiň Meta kompaniýasy Instagram-yň esasynda Threads atly täze platforma badalga berer, ol Ilon Maskyň Twitterine göni bäsdeş bolar- diýip, BBC ýazýar.


“Apple” kompaniýasy goşmaça wirtual hakykatly “Vision Pro” atly enjamynyň 2024-nji ýylda meýilleşdiren önümçiligini ep-esli azaldar. Bu görnüşli önümiň 1 millionynyň ýerine geljek ýylda 400 müň sanysy öndüriler.


Hytaýyň aragatnaşyk operatorlary mobil aragatnaşygyň indiki nesli bolan 6G aragatnaşyk ulgamyny işjeň ornaşdyrýar.


Russiýanyň Naberežnyý döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň işläp taýýarlamasynyň esasynda mugallymyň sanly simulýatorynyň türkmen görnüşi taýýarlanylyp bilner. Bu sanly simulýator ýaş mugallymlaryň goýberýän ýalňyşlyklaryny “duýdurýar” we degişli maslahatlary berýär.


BMG-niň Çagalary goramagyň halkara gaznasy (ÝUNISEF) Türkmenistanda orta mekdepleriň robotehnika başlangyçlaryny goldamagy maksat edinýär.


Apple kompaniýasy AirPods simsiz gulaklyklaryň täze wersiýasyna täze funksiýalary ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, AirPods-a gulak nowajygynyň üsti bilen bedeniň gyzgynlygyny ölçemegi öwrederler, olar USB-C portyndan zarýad alar.


43 ýylyň dowamynda ilkinji gezek Apple amerikan korporasiýasynyň bazar nyrhy 3,04 trln. dollara ýetdi- diýip, CNBC neşiri habar berýär.


Popcorn Computer kompaniýasy fleş-saklaýjy görnüşinde ýerine ýetirilen PopStick atly kiçijik kompýuteri tanyşdyrdy.


Öýjükli hemra älemdäki maglumatlary adaty telefona geçirip bildi. BlueWalker 3 hemrasy bilen adaty smartfonlaryň arasynda maglumatlary alyşmagyň şuňa meňzeş eksperimenti AST SpaceMobile kompaniýasy tarapyndan üstünlikli geçirildi.


«Titanic: Honor and Glory» wideo oýunlarynda adaty teke nagyşlary bilen ajaýyp gyzyl türkmen halylary, 1912-nji ýyldaky meşhur «Titanik» ýolagçy gämisiniň kaşaň ýaşaýyş otaglaryny bezeýär.


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kosmos agentligi (NASA) astronawtlaryň arş gämisi bilen gürleşip bilmekleri üçin emeli intellekti ornaşdyrmagy maksat edinýärler. Özi-de, adam bilen tehnologiýanyň arasyndaky bu gepleşik ynsan dilinde alnyp barlar.


Täze Wi-Fi-router edinilenden soňra könesini ýok etmegiň geregi ýokdyr. Simsiz ýerli toryň size hyzmat eden gurluşyny täzäniň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ulanyp bolýar. Telekommunikasiýalar boýunça bilermen Wýaçeslaw Burhaýlo şeýle maslahat berdi.


“Panasonic” Ýaponiýada HCC-R600A akylly şkafyň öndürilendigini habar berdi. Ol birbada birnäçe enjamyň ornuny tutup biler, ýagny egin-eşikleriň ýygyrdyny ýazar, ysyny aýrar we guradar.


Ýapon alymlary agaçdan edilen hemrany kosmosa uçurmaga taýýarlanýarlar. Şuňa meňzeş taslamany Kioto uniwersitetiniň we Sumitomo Forestry startapynyň alymlar topary işläp düzýärler.


Russiýada öýkeni emeli usulda howalandyrýan ýanyň bilen göterilýän öý şertlerinde we gezelenç edilende ulanyp bolýan АИВЛ-Д apparatyny döretdiler. Ol Russiýanyň Rosteh döwlet korporasiýasy tarapyndan işlenip düzüldi.