

Wan Teng Tomas «Redmi» brendiniň täze ýolbaşçysy boldy
«Xiaomi» kompaniýasynda täze önümler boýunça direktor wezipesinde işlän Wan Teng Tomas kompaniýa degişli «Redmi» brendiniň dürli elektronika enjamlarynyň baş müdiri boldy.


«Xiaomi» kompaniýasynda täze önümler boýunça direktor wezipesinde işlän Wan Teng Tomas kompaniýa degişli «Redmi» brendiniň dürli elektronika enjamlarynyň baş müdiri boldy.


Hytaýyň Şensi welaýatyndaky Sian şäherinde sanly Ýüpek ýoluny ösdürmek boýunça forum geçiriler. Bu barada Bütindünýä internet maslahatynyň baş sekretary Žen Sýanlýan habar berdi.


Hytaýyň China Mobile ykjam aragatnaşyk operatory täze 5G-Advanced (5GA ýa-da 5.5G) ulgamyny işe girizendigini habar berdi.


Şu ýylyň ahyryna çenli smartfonlaryň ýerlenilýän möçberi 3% artyp, olaryň sany 1,2 milliarda ýeter. «Counterpoint Research» halkara seljeriş kompaniýasynyň hünärmenleri şeýle netijä geldiler.


Russiýanyň “Rostelekom” telearagatnaşyk operatorynyň düzümine girýän «Ростелеком Информационные Технологии» kompaniýasy kompýuter önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär.


Microsoft-yň Windows operasion ulgamyny we Surface enjamlaryny işläp düzýän bölüminiň täze ýolbaşçysy wezipesine Madrasdaky Hindistanyň tehnologiýalar institutynyň uçurymy bellenildi.


Apple kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli dünýäniň ekologiýa taýdan iň arassa tehnologik kompaniýalarynyň biri bolmagy maksat edinýär.


ÝB agza döwletleriň Baştutanlary Ýewropada kwant hasaplaýyş tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň, maýa goýmagyň we innowasiýalary ösdürmegiň esasyny goýmagy hem-de Ýewropany «dünýäniň kwant jülgesine» öwürmegi maksat edinýän «Kwant ylalaşygyna» gol çekdiler.


MaсroPolo-nyň hasabatyna görä, dünýäde emeli intellekt ulgamyndaky öňdebaryjy hünärmenleriň aglabasy Hytaýyň wekilleridir.


Şanhaýda sürüjisiz awtoulaglar üçin dünýäde ilkinji 5G-A IOV aragatnaşyk ulgamly synag meýdançasy açyldy (5G-Advanced Internet of Vehicles).


«Apple» kompaniýasy şu ýylyň ahyryna çenli Hytaýda «Vision Pro» AR/VR enjamyny satuwa çykarar. Bu barada «Apple-iň» başlygy Tim Kuk Pekinde geçirilýän Hytaýyň ösüş forumynda aýtdy.


Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide kibersport adasy peýda bolar.


Samsung Electronics Co. kompaniýasy ýarymgeçirijileriň düýgöter täze görnüşini işläp taýýarlamak boýunça barlaghanany döredendigini habar berdi. Ýarymgeçirijileriň bu görnüşi ähli emeli intellekt üçin zerurdyr.


Grafiki prosessorlary we çipdäki ulgamlary işläp taýýarlaýjy NVIDIA kompaniýasy mobil aragatnaşygyň altynjy nesli bolan 6G ulgamynda barlaglar üçin “bulut” platformasyny işläp taýýarlady.


Apple Amerikan korporasiýasy Apple ID hasaba alyş ýazgysynyň adyny üýtgetmegi meýilleşdirýär.