HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sian şäherinde sanly Ýüpek ýoluny ösdürmek boýunça forum geçiriler

Mart 30, 2024 | 08:57 |4265
Hytaýyň Şensi welaýatyndaky Sian şäherinde sanly Ýüpek ýoluny ösdürmek boýunça forum geçiriler. Bu barada Bütindünýä internet maslahatynyň baş sekretary Žen Sýanlýan habar berdi.Hytaýyň Şensi welaýatyndaky Sian şäherinde sanly Ýüpek ýoluny ösdürmek boýunça forum geçiriler. Bu barada Bütindünýä internet maslahatynyň baş sekretary Žen Sýanlýan habar berdi.
Çeşme: chinadaily.com.cn

Hytaýyň Şensi welaýatyndaky Sian şäherinde sanly Ýüpek ýoluny ösdürmek boýunça forum geçiriler. Bu barada Bütindünýä internet maslahatynyň baş sekretary Žen Sýanlýan habar berdi.

Forum “Özara hyzmatdaşlyk we umumy abadançylyk” ady bilen we üç sany esasy mesele: sanly ulgam we Ýüpek ýoluny gurmakda hyzmatdaşlyk, Ýüpek ýolunda elektron täjirçilik ulgamynda halkara hyzmtadaşlyk, şeýle hem sanly obalar we durnukly ösüş meseleleri boýunça geçiriler.

Forumyň çäklerinde “Bütindünýä internet maslahatynyň sanly akademiýasy” atly maksatnama resmi taýdan işe giriziler. Ol sanly ulgamdan baş çykarýan nesli kemala getirmäge, sanly sowatlylygy ýokarlandyrmaga, täze elektron platformalary döretmäge gönükdiriler.

Häzirki güne çenli GSMA, Micron, Qualcomm, Intel, Alibaba, ZTE ýaly öňdebaryjy kompaniýalar foruma gatnaşýandyklaryny tassykladylar.

Forumy kabul edýän şäher hökmünde Sian sanly ykdysadyýetiň senagat ösüşini herekete getirýän täze güýç hökmündäki ornuna berk ynanýar.

Häzirki wagtda şäherde uly göwrümdäki maglumatlary we bulut hasaplamalaryny işlemek boýunça 400-den gowrak kärhana we emeli intellekt boýunça 300-den gowrak kärhana, şeýle hem programma üpjünçiligi boýunça dürli kärhanalar hereket edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026