

Geçen çärýekde smartfon bazary 8,4% ösdi
«International Data Corporation» (IDC) halkara gözleg kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde smartfon bazary 8,4% ösüş gazandy.


«International Data Corporation» (IDC) halkara gözleg kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde smartfon bazary 8,4% ösüş gazandy.


Russiýanyň «Ýandeks» internet kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Yandex Cloud» köpçülikleýin bulut platformasy Merkezi Aziýadaky ulanyjylar üçin bulut hyzmatlarynyň işe girizilýändigini habar berdi.


Geostasionar (GEO) we pes orbitaly (LEO) aragatnaşyk hemralarynyň operatory OneWeb kompaniýasy Antarktida ýarym adasynyň günbataryndaky Adelaida adasyndaky Roteriň barlag stansiýasy üçin ýokary hilli aragatnaşyk ulgamyny üpjün etmegi meýilleşdirýär.


Şu ýylyň birinji çärýeginde şahsy kompýuterleriň bazary gaýtadan ösüş gazanyp başlady diýip, «IDC» gözleg kompaniýasy habar berýär.


Hökümetiň täze býujetiniň kabul edilmeginiň öňüsyrasynda Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trýudo ýurtda emeli aňy ösdürmeklige uly maýa goýumlarynyň goýuljakdygyny yglan etdi.


3-nji aprelde Taýwanyň gündogar kenarýakasynda 7,3 ball bilen 1999-njy ýyldan bäri iň güýçli ýertitremesi boldy.


Ýewropa Bileleşigi Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda täze optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisini gurmagy meýilleşdirýär.


Hytaýyň Space Epoch aerokosmos kompaniýasy buýurmalary dünýäniň ähli künjegine köp gezeklik ulanylýan raketalaryň kömegi bilen eltip bermegi meýilleşdirýär. Şu maksat bilen ol Hytaýyň Alibaba Group holdingine degişli Taobao onlaýn-platformasy bilen hyzmatdaşlyk eder.


Dubaýyň elektroenergetika we suw üpjünçiligi müdirligi (Dubai Electricity and Water Authority, DEWA) «Apple Vision Pro» wirtual hakykat enjamy üçin özüniň akylly mobil programmasyny hödürledi.


«Channel 1» amerikan telekompaniýasy anyk bir ulanyja onuň üçin gyzykly görnüşde täzelikleri hödürlejek täze hyzmaty yglan etdi.


«Xiaomi» kompaniýasynda täze önümler boýunça direktor wezipesinde işlän Wan Teng Tomas kompaniýa degişli «Redmi» brendiniň dürli elektronika enjamlarynyň baş müdiri boldy.


Hytaýyň Şensi welaýatyndaky Sian şäherinde sanly Ýüpek ýoluny ösdürmek boýunça forum geçiriler. Bu barada Bütindünýä internet maslahatynyň baş sekretary Žen Sýanlýan habar berdi.


Hytaýyň China Mobile ykjam aragatnaşyk operatory täze 5G-Advanced (5GA ýa-da 5.5G) ulgamyny işe girizendigini habar berdi.


Şu ýylyň ahyryna çenli smartfonlaryň ýerlenilýän möçberi 3% artyp, olaryň sany 1,2 milliarda ýeter. «Counterpoint Research» halkara seljeriş kompaniýasynyň hünärmenleri şeýle netijä geldiler.


Russiýanyň “Rostelekom” telearagatnaşyk operatorynyň düzümine girýän «Ростелеком Информационные Технологии» kompaniýasy kompýuter önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär.