HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Smartfonlarda hemra aragatnaşygy kada öwrülýär

Iýun 21, 2024 | 09:25 |8260
Ýerüsti ykjam aragatnaşyk hem-de hemra aragatnaşyk operatorlarynyň ýakynlaşmagy pudakda kada öwrülýär. Häzirki günde tutuş dünýäde 91 sany öýjükli aragatanşyk operatorlary hemra aragatnaşyk kompaniýalary bilen ylalaşyklara gol çekdiler.Ýerüsti ykjam aragatnaşyk hem-de hemra aragatnaşyk operatorlarynyň ýakynlaşmagy pudakda kada öwrülýär. Häzirki günde tutuş dünýäde 91 sany öýjükli aragatanşyk operatorlary hemra aragatnaşyk kompaniýalary bilen ylalaşyklara gol çekdiler.
Çeşme: 3dnews.ru

Ýerüsti ykjam aragatnaşyk hem-de hemra aragatnaşyk operatorlarynyň ýakynlaşmagy pudakda kada öwrülýär. Häzirki günde tutuş dünýäde 91 sany öýjükli aragatanşyk operatorlary hemra aragatnaşyk kompaniýalary bilen ylalaşyklara gol çekdiler.

Ykjam aragatnaşyk operatorlary barada ygtybarly maglumat çeşmesi bolan GSMA Intelligence-iň habar bermegine görä, häzirki wagtda ykjam we hemra aragatnaşyk hyzmatlary üçin hereket edýän şertnamalar dünýäniň ykjam aragatnaşyk bazarynyň 60%-ni eýeleýär.

Diňe ABŞ-da eýýäm 3 sany iri ykjam aragatnaşyk operatorlary hemra aragatnaşyk kompaniýalary bilen ylalaşyk baglaşdylar. Hususan-da, Verizon we AT&T AST SpaceMobile bilen, T-Mobile US bolsa SpaceX-iň Starlink-i bilen birleşdiler. Häzirki wagtda Starlink-de 17 ylalaşyk, AST SpaceMobile-da 24, Lynk Global-da bolsa 15 ylalaşyk hasaba alyndy.

Habar berlişi ýaly, hyzmatlar tapgyrlaýyn esasda ýaýbaňlandyrylar. Ilkinji tapgyrda sesli aragatnaşyk we sms hyzmatlary, soňra bolsa hemra aragatnaşygygynyň göwrüminiň giňemegi bilen beýleki maglumatlar hem geçiriler.

Bu ugurda iň köp şertnamalaryň Aziýada baglaşylandygyny bellemek gerek.

Häzirki wagtda orbitada 6 müňe golaý emeli hemrasy bolan Starlink öňdeligi eýeleýär. Ikinji orny 600 enjamy bilen Eutelsat OneWeb eýeleýär. AST SpaceMobile-yň entäk diňe bir emeli hemrasy bar, Amazon-a degişli Project Kuiper-iň bolsa häzirki wagtda orbitada iki synag hemrasy hereket edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

20:00 Oktýabr 29, 2026
Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

20:00 Oktýabr 29, 2026
Katar Döwletiniň meşhur «Al-Sharq» gazetinde Türkmenistanyň Ilçisiniň makalasy çap edildi

Katar Döwletiniň meşhur «Al-Sharq» gazetinde Türkmenistanyň Ilçisiniň makalasy çap edildi

18:13 Oktýabr 29, 2026