HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň topary maglumat howpsuzlygy boýunça halkara kiberçempionatynyň ýeňijileriniň hataryna girdi

Maý 29, 2024 | 09:45 |10147
“Senagat Russiýasynyň sanly industriýasy” maslahatynyň çäklerinde kiber durnuklylygy synag etmek hem-de halkara derejesinde tejribe alyşmak üçin sanly ulgam arkaly ýaryş geçirildi.“Senagat Russiýasynyň sanly industriýasy” maslahatynyň çäklerinde kiber durnuklylygy synag etmek hem-de halkara derejesinde tejribe alyşmak üçin sanly ulgam arkaly ýaryş geçirildi.
Çeşme: gazprom-media.com

“Senagat Russiýasynyň sanly industriýasy” maslahatynyň çäklerinde kiber durnuklylygy synag etmek hem-de halkara derejesinde tejribe alyşmak üçin sanly ulgam arkaly ýaryş geçirildi.

Iki tapgyrda geçen ýaryşa dürli ýurtlardan 40 topar gatnaşdy. Jemleýji tapgyra Russiýadan, Türkmenistandan we Mýanmadan 7 topar geçmegi başardy.

Kiberçempionatyň dowamynda toparlar möhüm desganyň IT-infrastrukturasyna haker hüjümlerini gaýtarmakda ýaryşdylar. Hakyky kiber howplary gaýtalaýan çylşyrymly wezipeleri çözmek bilen düzüminde 5 hünärmen bolan “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň topary öňde goýlan meseleleriň hötdesinden gelmegi başardy we jemi 2015 utuk toplap, 3-nji orny eýeledi. 1-nji, 2-nji orunlary Russiýanyň toparlary eýelediler.

Ýeňiji toparlara “Solar” döwlet konsernine we kiberçempionatyň tehnologiýa hyzmatdaşlarynyň, “Kod Bezopasnosti” we “Laboratoriýa Kasperskogo” kompaniýalarynyň maglumat howpsuzlygy boýunça önümlerini ulanmaga sertifikatlar gowşuryldy.

Russiýa Federasiýasynyň sanly ösüş aragatnaşyk we köpçülikleýin kommunikasiýalar ministrligi hem-de Rostelekom tarapyndan guralýan halkara kiberçempionat maglumat howpsuzlygy ulgamynda hünärmenleriň özara gatnaşyk ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, ählumumy kiberjenaýatçylygy bilen göreşmek boýunça tagallalary utgaşdyrmak hem-de tejribe paýlaşmak arkaly bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen geçirilýär.

Hünärmenler howplary gaýtarmak, öňdebaryjy tehnologiýalara, gurallara we taktikalara erk etmek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

13:22 Awgust 01, 2026
Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

19:30 Iýul 31, 2026
Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

17:40 Iýul 31, 2026