

AFK kubogynda türkmen "Merw"-i Täjigistanyň "Rawşan"-y bilen deňme-deň oýnady
Türkmen “Merw”-i AFK kubogynyň ähmiýeti boýunça ikinji bolan Aziýanyň klub ýaryşynyň çäginde ilkinji oýny oýnady. Maryly toparyň bäsdeşi täjikleriň “Rawşan”-y boldy.


Türkmen “Merw”-i AFK kubogynyň ähmiýeti boýunça ikinji bolan Aziýanyň klub ýaryşynyň çäginde ilkinji oýny oýnady. Maryly toparyň bäsdeşi täjikleriň “Rawşan”-y boldy.


Bişkekde, ähmiýeti boýunça Merkezi zonada AFK kubogy - 2023/24-iň ikinji möhüm Aziýa klub ýaryşynyň toparçasynyň 1-nji tapgyrynyň oýny geçirildi. Onda “Altyn Asyr” (Türkmenistan) we “Abdyş-Ata” futbol klublary (Gyrgyzystan) oýnady. Ýer eýesi 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy.


Gowy küşt däbi öňden bäri Daşoguzda döräpdir. Patyşalaryň paýhasly oýnuna biperwaý garamaýan şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary, küşt ýaryşyna gatnaşmak üçin aýda bir gezek “Nowruz” kafesinde ýygnanýarlar.


Daşkent şäherinde greppling sporty boýunça Aziýa çempionaty geçirildi. Aziýa ýurtlarynyň 11-sinden 1200 töweregi türgeniň gatnaşan ýaryşyna ýurdumyzyň adyndan Döwletmyrat Kasymow bilen Ysmaýyl Kakowowyň başlyklygynda çykyş eden topar 4 medal gazanyp, oňat netijeler görkezdiler. Şol medallaryň biri altyn, ýene biri kümüş we ikisi hem bürünç medallardyr.


14 - 18 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligini almak boýunça ýaryşlar tamamlandy. Onda ýurdumyzyň dürli ýerinden gelen ýaşlaryň 273-si birinjilik ugrunda göreşdiler.


Özbegistanda ýaşlaryň arasynda kikboks boýunça geçirilen halkara ýaryşda türkmenistanly kikboksçylar jemi 15 medal gazandylar. Şolaryň 6-sy altyn, 2-si kümüş we 7-si hem bürünç medallardyr.


Duşenbe güni, 18-nji sentýabrda “Ahal” (Türkmenistan) we “Al-Feýha” (Saud Arabystany) futbol klublarynyň arasynda AFK Çempionlar ligasynyň toparçasynyň birinji tapgyrynyň öňüsyrasynda Aşgabatda metbugat ýygnagy geçirildi. Žurnalistler bilen duşuşykda Ahalyň tälimçisi Welsähet Öwezow we toparyň kapitany Elman Tagaýew çykyş etdi.


Duşenbe güni, 18-nji sentýabrda “Ahal” (Türkmenistan) we “Al-Feýha” (Saud Arabystany) futbol klublarynyň arasynda AFK Çempionlar ligasynyň toparçasynyň birinji tapgyrynyň birinji oýnunyň öňüsyrasynda Aşgabatda metbugat duşuşygy geçirildi. Žurnalistler bilen geçirilen duşuşyga iki toparyň baş tälimçileri we kapitanlary, şeýle hem ýaryşy guramak boýunça komitetiň wekilleri gatnaşdylar.


Ertir, 19-njy sentýabrda, AFK Çempionlar ligasynyň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň “Ahalynyň” Saud Arabystanyň “Al-Feýha” topary bilen boljak oýnunda geýjek eşikleri belli boldy.


Türkmen futbol toparynyň ertir - 19-njy sentýabrda, sagat 21:00-da paýtagtymyzdaky "Aşgabat" köpugurly sport toplumynda "Al-Feýha" toparyna garşy AFK Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygy badalga alýar.


23 ýaşly Polina häzirki wagtda diňe bir meşhur agyr atletikaçy türgen bolman, ol hem bagtyýar maşgala we enedir. Ol häzirki wagtda Er-Riýad şäherinde geçirilýän Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik edýär.


Aziýa Futbol konfederasiýasynyň Çempionlar ligasynda "A" toparçada çykyş edýän Saud Arabystanyň ýygyndysy ýurdumyzyň "Ahal" topary bilen duşuşmak üçin Türkmenistana geldi. El-Ajama şäheriniň topary paýtagtymyza gelen dessine "Aşgabat" stadionynda türgenleşik geçmäge başlady.


Hytaýyň Hançžou şäherinde 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi belli boldy.


Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow 8-nji oktýabrda polýak garşydaşy Maseý Ružanski bilen söweşer.


"Ahal"türkmen FT, Aziýanyň esasy klub ýaryşy bolan AFK Çempionlar ligasynyň birinji tapgyrynyň çäginde 19-njy sentýabrda geçiriljek Saud Arabystany "Al-Faiha"-sy bilen öý oýnuna taýýarlyk işlerini dowam etdirýär.