HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Ahalyň” “Al-Feýha” bilen boljak oýnunda haýsy eşikde boljakdygy belli edildi

Sentýabr 18, 2023 | 11:55 |9368
Ertir, 19-njy sentýabrda, AFK Çempionlar ligasynyň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň “Ahalynyň” Saud Arabystanyň “Al-Feýha” topary bilen boljak oýnunda geýjek eşikleri belli boldy.Ertir, 19-njy sentýabrda, AFK Çempionlar ligasynyň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň “Ahalynyň” Saud Arabystanyň “Al-Feýha” topary bilen boljak oýnunda geýjek eşikleri belli boldy.
Çeşme: orient.tm

Ertir, 19-njy sentýabrda, AFK Çempionlar ligasynyň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň “Ahalynyň” Saud Arabystanyň “Al-Feýha” topary bilen boljak oýnunda geýjek eşikleri belli boldy.

Türkmen topary paýtagtymyzyň "Aşgabat" stadionyna ak eşikde girer. “Ahal” toparynyň garşydaşlary bolsa, mämişi reňkli eşikde bolarlar.

Toparlaýyn tapgyrda “Ahalyň” Özbegistanyň “Pahtakor”, Saud Arabystanyň “Al Feýha” we BAE-den “Al Aýn” ýaly toparlar bilen duşuşjakdygyny ýatladýarys.

Aziýanyň iň abraýly klub ýaryşynyň toparçasy 18-nji sentýabrdan 13-nji dekabr aralygynda geçiriler. Her zonadan (Günbatar we Gündogar) bäş toparyň ýolbaşçylary, şeýle hem iň gowy netijeleri gazanan üç sany ikinji ýer 1/8 finala çykarlar.

2002/03-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýaryşyň “güýz-bahar” görnüşine gaýdyp gelendigini ýadyňyzdan çykarmaň. Aziýanyň çempiony 2024-nji ýyldaky Klub dünýä çempionatyna gatnaşar we milli çempionatdan geçip bilmese, indiki möwsümiň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga mümkinçilik alar.

Türkmen toparynyň Saud Arabystanyň “Al-Feýha” bilen ilkinji oýny 19-njy sentýabrda sagat 21: 00-da Aşgabat stadionynda bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026