

Döwletjan Ýagşymyradowyň indiki söweşiniň senesi belli boldy
Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow 8-nji oktýabrda polýak garşydaşy Maseý Ružanski bilen söweşer.


Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow 8-nji oktýabrda polýak garşydaşy Maseý Ružanski bilen söweşer.


"Ahal"türkmen FT, Aziýanyň esasy klub ýaryşy bolan AFK Çempionlar ligasynyň birinji tapgyrynyň çäginde 19-njy sentýabrda geçiriljek Saud Arabystany "Al-Faiha"-sy bilen öý oýnuna taýýarlyk işlerini dowam etdirýär.


Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmrgiň halkara gaznasyny esaslandyryjylaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisine gabat gelýän Duşanbe (Täjigistan) şäherinde tamamlanan halkara ýaryşynda türkmen ýüzüjileri dürli ugurlarda 11 medal gazandylar.


Erkin göreş boýunça türkmen pälwanlary 16-25-nji sentýabr aralygynda Belgrad şäherinde (Serbiýa) geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar.


Dubaýda (BAE) geçirilen para pauerlifting boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri iki bürünç medal gazandy. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komiteti habar berdi.


Suwda ýüzmek boýunça Türkmenistanyň türgenleri Duşenbede geçýän halkara ýaryşyň iki gününde 1 altyn, 4 kümüş we 3 sany bürünç medal gazandylar.


12-16-njy sentýabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan gurnalan futzal eminleri üçin FIFA seminary geçirilýär. Seminaryň maksady eminleriň hünär derejesini, beden taýdan sagdynlygyny we hilini ýokarlandyrmakdyr.


Saýlama ýaryşynyň netijelerinden soň, 15-nji aprelden 3-nji maý aralygynda Katarda geçiriljek futbol boýunça Aziýa-2024 ýaşlar (U-23) Kubogyna gatnaşyjylaryň sanawy kesgitlendi.


Türkmenistan milli futbol topary Dubaýda (BAE) geçirilen türgenleşikde Bahreýn topary bilen deňme-deň oýnady.


11 – 17-nji sentýabrda Gazagystanyň Şymkent şäherinde 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda tennis boýunça toparlaýyn Aziýa çempionatynyň jemleýji tapgyry geçirilýär. Oňa şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen saýlama tapgyrda tapawutlanan ýurdumyzyň oglan ýetginjekleri hem gatnaşýar.


Türkmenistanyň futbol boýunça Olimpiýa topary, “K” toparyndaky Olimpiýa toparlarynyň arasynda Aziýa-2024 kubogynyň saýlama tapgyrynyň soňky oýnunda Indoneziýa toparyna ýeňilip, Aziýa-2024 çempionatyna gatnaşmak üçin saýlama çykyşlaryny tamamlady.


Türkmenistanyň paýtagtynda, 11-17-nji sentýabr aralygynda tennis boýunça milli çempionaty we ýetginjekler birinjilikleri geçirilýär. «Aşgabat» stadionynyň tennis kortlaryna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 273 tennisçi ýygnandy. Olar ýekelikde we jübütde medal almak üçin bäsleşerler.


Er-Riýadda (Saud Arabystany) agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda, 81 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşýän türkmen agyr atletikaçy Gaýgysyz Toräýew kiçi bürünç medal gazandy.


Azerbaýjanyň Gabala şäherinde bolýan "Nebitçi" futbol topary ýoldaşlyk duşuşygynda ýerli azerbaýjan ýygyndysyny 4:1 hasabynda ýeňdi. Türkmen ýygyndysynyň düzüminde Kemal Mätdäýew 2 gol, Magtym Berenow bilen Abdymuhammet Begjanowyň hersi hem 1 goly atlaryna ýazdyrdylar.


Özbegistanyň Daşkent şäherinde 8-nji sentýabrdan 10-njy sentýabr aralygynda geçirilen Şotokan karate boýunça 13-nji dünýä çempionaty tamamlandy.