

Ýewropa Bileleşigi × Türkmenistan: «Dostluk ganatlary» sport çäresi Aşgabatda 11-nji aprelde geçiriler
Aşgabatda 11-nji aprelde Ýewropa gününe bagyşlanyp, «Dostluk ganatlary: ÝB × Türkmenistan» atly inklýuziw ylgamak çäresi geçiriler. Çäre Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Aşgabat şäher Häkimligi bilen bilelikde, Run-Rush jemgyýetçilik hereketiniň goldawynda gurnalar



















