HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen türgenleri Dubaýdaky Combat Games ýaryşyna gatnaşarlar

Maý 19, 2026 | 22:50 |7253
Türkmenistanly söweşijiler Emirhajy Hajiýew we Ruslan Bulut 23-nji maýda Dubaý şäherinde geçiriljek halkara Combat Games ýaryşyna gatnaşmaga taýýarlanýarlarTürkmenistanly söweşijiler Emirhajy Hajiýew we Ruslan Bulut 23-nji maýda Dubaý şäherinde geçiriljek halkara Combat Games ýaryşyna gatnaşmaga taýýarlanýarlar
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanly söweşijiler Emirhajy Hajiýew we Ruslan Bulut 23-nji maýda Dubaý şäherinde geçiriljek halkara Combat Games ýaryşyna gatnaşmaga taýýarlanýarlar. Ýaryşa 23 ýurtdan türgenler gatnaşar.

Emirhajy Hajiýew türkmenistanly türgen hökmünde müsürli söweşiji Ýosef Elarabi bilen güýç synanyşar. Türgen häzirki wagtda BAE-niň ýokary okuw mekdepleriniň birinde okaýar we geçen ýyl taý boksy boýunça çempion adyny gazandy.

Türkiýede ýaşaýan, asly türkmenistanly Ruslan Bulut bolsa pakistanly Aýuba Han bilen duşuşar. Ol hem ýaryşda Türkmenistana wekilçilik eder.

Guramaçylar Combat Games ýaryşynyň täze görnüşde geçirilýändigini belleýärler. Bu formatda tomaşaçylar türgenleriň çykyşlaryna onlaýn platforma arkaly tomaşa edip, gatnaşyjylary goldap bilerler.

Ýaryş Dubaý şäherinde geçiriler we onlaýn görnüşde hem elýeterli bolar. Ýaryş baradaky giňişleýin maglumatlary Combat Games Pro platformasyndan alyp bolýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewronyň dollara bolan hümmeti 17 aýlyk iň pes derejä çenli aşak gaçdy

Ýewronyň dollara bolan hümmeti 17 aýlyk iň pes derejä çenli aşak gaçdy

20:00 Oktýabr 07, 2026
Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy

Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy

18:00 Oktýabr 07, 2026
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda milli mirasymyza bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda milli mirasymyza bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

17:46 Oktýabr 07, 2026