

Aşgabatda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýaş inžener 2026» bäsleşigi geçiriler
25-nji aprelde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýaş inžener 2026» atly inžener-tehniki bäsleşik geçiriler. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan guralýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web-sahypasynda habar berilýär
















