HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Bonn şäherinde geçirilýän BMG-niň mejlisinde howa başlangyçlary bilen tanyşdyrýar

Iýun 14, 2026 | 15:59 |5202
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň 8-18-nji iýuny aralygynda Germaniýanyň Bonn şäherinde geçirilýän Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň (UNFCCC SB64) kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine gatnaşýarTürkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň 8-18-nji iýuny aralygynda Germaniýanyň Bonn şäherinde geçirilýän Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň (UNFCCC SB64) kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine gatnaşýar
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň 8-18-nji iýuny aralygynda Germaniýanyň Bonn şäherinde geçirilýän Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň (UNFCCC SB64) kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine gatnaşýar. Abraýly halkara forumyň plenar mejlislerinde we tematik maslahatlaşmalarynda türkmen wekiliýeti howanyň üýtgemegi meseleleri babatynda ýurduň milli garaýyşlaryny giňişleýin beýan etdi. Gatnaşyjylara Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň we Pariž ylalaşygynyň çäklerindäki borçlarynyň ýerine ýetirilişi babatynda amala aşyrýan giň gerimli işleri barada giňişleýin maglumat berildi.

Türkmen tarapynyň wekilleri çykyşlarynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara bilelikdäki tagallalara döwletimiziň berk ygrarlydygyny aýratyn nygtadylar. Ýurtda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, önümçilikde energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini yzygiderli ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada gürrüň berildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň howa hereketleri boýunça täzelenen milli kesgitlenen goşandynyň taýýarlanylyşynyň jemleýji tapgyrda durandygy bellenildi.

turkmenistan-delegation-un-climate-change-session-bonn.jpeg

Bonn şäherindäki forumda Türkmenistanyň howa ugrundaky sebit başlangyçlaryna hem uly üns berildi. Olaryň iň möhümleriniň biri Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň Sebit merkezini döretmek başlangyjydyr. Türkmen wekiliýeti bu merkezi işe girizmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri bilen tanyşdyrdy we sebitiň ähli döwletleri, halkara guramalar hem-de BMG-niň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Konwensiýa gatnaşyjy-döwletleriniň wekilleri, şeýle hem halkara we sebit ekologik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda howa syýasaty, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen iri ekologiýa taslamalary bilelikde durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň mejlisiň işine işjeň gatnaşmagy ýurduň uzak möhletleýin ekologiýa durnuklylygyny we geljek nesilleriň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary yzygiderli öňe sürýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026