

Türkmenistanly mekdep okuwçylary ABŞ-da we Beýik Britaniýada üstünlikli çykyş etdiler
Aşgabat şäheriniň mekdep okuwçylary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we Beýik Britaniýada geçirilen iki halkara olimpiadasynda ajaýyp netijeleri gazandylar.


Aşgabat şäheriniň mekdep okuwçylary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we Beýik Britaniýada geçirilen iki halkara olimpiadasynda ajaýyp netijeleri gazandylar.


Türkmenistanda hususy we işewürlik bildirişleri onlaýn ýaýratmak, tanyş bolmak üçin täze amatly “Aýterek” mobil goşundysy işe girizildi. Täze bildirişler mobil programmasyny “Google Play” we “App Store” mobil goşundylar platformasynda ýükläp alyp bilersiňiz. Bildirişler üçin täze mobil goşundyny “Ajaýyp Tilsimatlar” kompaniýasynyň hünärmenleri taýýarlapdyrlar.


Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy tassyklanyldy. Täze meýilnama 2022-2028-nji ýyllar üçin ýurduň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan milli ugurlar, şeýle hem ozalky Milli Hereket meýilnamasyna baha bermekde ýüze çykýan esasy teklipler we öňdebaryjy tejribe esasynda taýýarlanyldy.


Penşenbe güni Türkmenistanyň Minskdäki diplomatik missiýasy iki möhüm waka - indiki hepde türkmeniň täze Arkadag şäheriniň açylmagyna we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan brifing berdi.


Türkmenistanyň Tokiodaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde ministriň parlament işleri boýunça orunbasary Ýuumi Yoşikawa bilen duşuşdy.


Iňlis dili mugallymlary üçin Online Professional English Network (OPEN) maksatnamasynyň güýzki sessiýasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edişligi başlandy. Ol 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan iýun aýyna çenli geçer.


RBK beren söhbetdeşliginde Moskwanyň «Kommunarka» hassahanasynyň baş lukmany Denis Prosenko dünýä pändemiýalarynyň döwürleýin döreýändigi barada beýan etdi. Ol pandemiýalaryň her 50 ýyldan döreýändigini sübhesiz aýdýar.


Şu gün paýtagtymyzda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Paýtagtymyzda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň sebitlerinden meşhur teatr artistleri, estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, muzeý we kitaphana işiniň hünärmenleri, suratkeşler, şahyrlar, meşhur ansambl we folklor-etnografik toparlary geldiler.


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Ýer ýüzüniň ilkinji ýaşaýjylarynyň daşa öwrülen galyndylaryny tapdylar. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, bu galyndylar mundan 2,7 milliard ýyl ozalky döwre – paleozoý we proterozoý döwürlerine degişlidir.


Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda her biri 4 gatda ybarat bolan ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 12-siniň dabaraly açylyşy geçirildi. Ulanmaga berlen jaýlar özüniň gurluşyk aýratynlygy bilen şähergurluşygynyň üstüni ýetirdi. Bu barada resmi metbugat habar berýär.


Iýun aýynyň 19-dan 21-i aralygynda Belarus Respublikasynyň sport we syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçuk Türkmenistana iş sapary bilen geldi we onuň çäginde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Gulmyrat Agamyradow bilen duşuşdy.


Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň BAE-de sapary boldy. Çarşenbe güni Bäşimowa Abu-Dabide Anwar Gargaş adyndaky diplomatiýa akademiýasynyň baş müdiri Nikolaý Mladenow bilen duşuşdy.


Däp boýunça Halkara ýoga gününde paýtagtymyzdaky “Bagtyýarlyk” sport toplumynda köpçülikleýin ýoga maşklary geçirildi. Säher bilen sport toplumynyň töweregi köp adamly boldy.


2024-nji ýyldan başlap Gazagystanda biznese döwlet barlagynyň we gözgeçiliginiň awtomatlaşdyrylan ulgamy işläp başlar. Bu meselä respublikanyň premýer-ministri Alihan Smailowyň başlyklyk etmegindäki hökümet maslahatynda seretdiler - diýip, Zakon.kz. internet-neşiri habar berýär.


Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binalary we 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlary hem-de institutyň golaýyndan geçýän aýlawly ýolda oturdyljak monumenti gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi.