Habarlar

Brýusseliň diplomatik akademiýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýärBrýusseliň diplomatik akademiýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Brýusseliň diplomatik akademiýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Duşenbe güni Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Brýusseliň diplomatik akademiýasynyň müdiri doktor Günter Gaoblomme we geňeşçi Jan de Brabander bilen duşuşyk geçirdi. Akademiýa bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylan mowzuk boldy.

Daşary ýurt metbugatyndan iki ýüzden gowrak habar we wideo täze Arkadag şäheri barada dünýä habar berdiDaşary ýurt metbugatyndan iki ýüzden gowrak habar we wideo täze Arkadag şäheri barada dünýä habar berdi

Daşary ýurt metbugatyndan iki ýüzden gowrak habar we wideo täze Arkadag şäheri barada dünýä habar berdi

Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli çäreleri beýan etmek üçin Türkmenistana akkreditasiýa boýunça Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belgiýadan, Wengriýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Eýrandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Fransiýadan we Ýaponiýadan 29 sany halkara maglumat agentlikleriniň, teleýaýlym we internet portalynyň wekilleri geldiler. Olaryň arasynda – «Россия-24», «Большая Азия», «CCTV», «TRT World», «TV Jahonnomo», «NHK», «Doordarshan», «Общественное телевидение Армении», «Uzbekistan-24», «Magyar Televizio», «KTRK» teleýaýlymlary, «France-Presse», «Xinhua», «IRNA», «Тренд», «Agerpress», «News Day Georgia», «Татар-информ» maglumat agentlikleri we beýlekiler bar. Şeýle hem olaryň arasynda «SNG.Today» neşiriniň žurnalistleri we и «МИР» Döwletara teleýaýlym we radio kompaniýasynyň iş topary bar.