Türkiýäniň Demokratiýa we milli birlik güni bellendi
Iýul 15, 2023 | 14:40 |1496


Şu gün – 15-nji iýulda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda çäre geçirildi. Türkiýäniň Demokratiýa we milli birlik gününe bagyşlanan çärä diplomatik wekilhanalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler bu milli günüň ähmiýeti barada durup geçdiler. Bellenişi ýaly, bu gün türk halkynyň birligini, agzybirligini görkezýän seneleriň biridir. Çärede ýurt bitewiligi ugrunda pida bolan gahrymanlar ýatlanyldy.

Bu ýerde Türkiýäniň Demokratiýa we milli birlik gününe bagyşlanan surat sergisi hem guraldy.
ORIENT news








