Habarlar

20-nji sentýabrda Astrahanda Hazar metbugat forumy geçiriler20-nji sentýabrda Astrahanda Hazar metbugat forumy geçiriler

20-nji sentýabrda Astrahanda Hazar metbugat forumy geçiriler

Astrahandaky Hazar metbugat forumy žurnalistler üçin her ýyl dürli ýurtlardan metbugat hünärmenleriniň ýygnanýan döredijilik platformasyna öwrüldi. Bu ýyl çäre 20-nji sentýabrda geçiriler. Duşuşygyň mowzugy – halklary birleşdirmegiň faktorlary hökmünde jemgyýetçilik diplomatiýasy we sosial media. Bu barada Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin habar berdi - diýip, TASS habar berýär.

Derslere saz goşulanda çagalar matematikadan has gowy netije alýarlar: täze gözlegDerslere saz goşulanda çagalar matematikadan has gowy netije alýarlar: täze gözleg

Derslere saz goşulanda çagalar matematikadan has gowy netije alýarlar: täze gözleg

Täze seljermede, saz bilen meşgullanmagyň we okuwçylaryň matematikadan ýetişiginiň sebäpli-seljermesi öwrenildi. Alnan netijelere görä derňewçiler sazyň okuwçylar üçin matematikany has gyzykly edýändigini we olaryň droblar ýaly mowzukdaky gorkuzgyny we howaslasyny azaltmaga kömek edýändigini çaklaýarlar. Hat-da sazyň goşulmagy çagalaryň matematikany gowy gormäge we köpräk bilmäge höweslendiribem biler.

Özbegistanda 1-nji sentýabrda oba hojalygyna hünärmenleri taýýarlamak üçin täze institut we halkara mekdep açylarÖzbegistanda 1-nji sentýabrda oba hojalygyna hünärmenleri taýýarlamak üçin täze institut we halkara mekdep açylar

Özbegistanda 1-nji sentýabrda oba hojalygyna hünärmenleri taýýarlamak üçin täze institut we halkara mekdep açylar

Samarkantda 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Daşkendiň döwlet agrar uniwersitetiniň şahamçasynyň bazasyndaky Oba hojalygy innowasiýalaryň we gözlegleriň instituty talyplar üçin öz gapysyny açar. Täze okuw edarasy ýokary okuw mekdepleri we MGI bilen hyzmatdaşlyk eder. Bilim taslamasy fundamental oba hojalyk gözlegleriň edaralar arasy merkeziniň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle hem institutyň garamagynda oba hojalyk ekinleriniň Gen banky we meýdan ekinleriniň Milli ylmy toplumynyň müdirligi dörediler diýip, NOVA24uz habar berýär.