HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Baş konsul Tatarystanyň Baştutanynyň ýüzlenmesine gatnaşdy

Sentýabr 16, 2023 | 10:22 |5845
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet geňeşine ýüzlenme çäresine gatnaşdy.Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet geňeşine ýüzlenme çäresine gatnaşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet geňeşine ýüzlenme çäresine gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň Kazan şäherindäki diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Tatarystanyň Baştutany özüniň çykyşynda geljek ýylyň Respublikada “Ylmy-tehniki ösüşiň ýyly” diýlip yglan edilendigini mälim etdi. Bellenişi ýaly, ylmy-tehniki ösüşde Respublikanyň “Tatneft”, “SIBUR”, “KAMAZ”, “ÝelAZ”, “ElektroOptima” ýaly iri düzümleriniň mynasyp paýy bar.

Rustam Minnihanow geljek ýylda Respublikada geçiriljek iri halkara çäreler barada durup geçdi. Şolaryň hatarynda 20 döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek “BRIKS” we “BRIKS+” guramalarynyň sammiti, “KazanForum” we beýleki çäreler bar.

Türkmenistan Russiýa Federasiýasy, şol sanda onuň subýekti Tatarystan Respublikasy bilen öňden ýakyn hyzmatdaşlyk edip gelýär. Ýurtlar nebithimiýa senagaty, oba hojalygy, maşyngurluşygy ýaly pudaklarda ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026