HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kappakodiýada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy bellendi

Sentýabr 22, 2023 | 20:00 |11102
Türkiýäniň iň gözel sebitleriniň biri bola Kappakodiýada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy bellendi. Bu sebitde asmana uçurylmagy däbe öwrülen äpet howa şarynda Türkmenistanyň Baýdagy parlady.Türkiýäniň iň gözel sebitleriniň biri bola Kappakodiýada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy bellendi. Bu sebitde asmana uçurylmagy däbe öwrülen äpet howa şarynda Türkmenistanyň Baýdagy parlady.
Çeşme: "Oguz han" adyndaky Türkmenfilm birleşigi

Türkiýäniň iň gözel sebitleriniň biri bola Kappakodiýada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy bellendi. Bu sebitde asmana uçurylmagy däbe öwrülen äpet howa şarynda Türkmenistanyň Baýdagy parlady.

650ca625d3de5954047083.jpg

Uçurylan howa şarynyň ýüzüne şeýle ýazgy ýazylypdyr: "Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen! Türkmen-türk dost-doganlygy güllesin!". Bu gözel pursatlar "Türkmenfilm" birleşiginiň Magtymguly Pyragy barada düşürýän dokumental filmine hem giriziler. Filmiň Türkiýede düşürilýän bölegini kinorežissýor Hekim Alowowyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary düşürýär. Döredijilik topary Türkiýede Magtymgulynyň ömri we döredijiligi baradaky maglumatlary özünde jemleýän materiallary we Kappakodiýada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň bellenişini wideoşekillere geçirýär.

650ca69c1707b725728578.jpg

Magtymguly barada film surata düşürýän başga bir döredijilik topary Eýranda degişli işleri alyp barýar. Olar goňşy ýurduň Gülüstan sebitiniň Aktokaý obasynda birnäçe wideoşekili ýazga geçirdiler. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde iki sany türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň we onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň aramgähi ýerleşýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026