

Türkmenistanda mugallymlar, ene-atalar we okuwçylar üçin “E-mekdep” umumy meýdançasy işe girizildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi okuwçy gündeliginiň sanly görnüşi bolan “E-mekdep” hyzmatyny işe girizdi. Hyzmat meýdançasy okuwçynyň ýetişigi, sapaklara gatnaşygy, sapagyň meýilnamasy, öwrenilýän mowzuklar, öý işler, mugallymyň bellikleri barada onlaýn maglumatary hödürleýär.


















