HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TEKNOFEST-2025 festiwalynyň bäsleşiklerine gatnaşmak üçin arzalaryñ kabul edişligi başlandy

Dekabr 20, 2024 | 15:30 |6665
Tehnologiýa we innowasiýa dünýäsinde uly gyzyklanma döretjek TEKNOFEST festiwalyna gatnaşmak üçin arzalaryñ kabul edişligi başlandy.Tehnologiýa we innowasiýa dünýäsinde uly gyzyklanma döretjek TEKNOFEST festiwalyna gatnaşmak üçin arzalaryñ kabul edişligi başlandy.
Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Tehnologiýa we innowasiýa dünýäsinde uly gyzyklanma döretjek TEKNOFEST festiwalyna gatnaşmak üçin arzalaryñ kabul edişligi başlandy.

TEKNOFEST-iň çäklerinde durmuş innowasiýalary, Robolig Blue Homeland bäsleşikleri, dron çempionaty geçiriler. Şu ýyl ilkinji gezek HackMasters Blue Homeland bäsleşigi hem guralar.

Şu ýylky TEKNOFEST bäsleşigi Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda geçiriler. Gatnaşyjylaryñ öz taslamalaryny hödürlemäge we ösdürmäge mümkinçiligi bolar, toparlar bolsa umumylykda 2,5 mln türk lirasyny alarlar. Olara 3 mln türk lirasy moçberinde maliýe goldawy beriler.

TEKNOFEST-2025 festiwalyň çäklerinde geçiriljek bäsleşikler tehnologiýanyñ dürli ugurlarynda innowasion çözgütleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.

Syýahatçylyk pudagynda tehnologiýa bäsleşiginiñ çäginde Türkiýe Respublikasynyň we Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyñ baý medeni mirasy, syýahatçylyk mümkinçiligi, medeniýeti bilen tanyşdyrmak üçin innowasion çözgütler işläp taýýarlanylar. Şol bir wagtda durmuş innowasiýalar bäsleşiginde durmuş meselelerini çözmekde tehnologiýa gönükdirilen döredijilik çemeleşmeler hödürleniler.TEKNOFEST-iň barlag taslamalaryñ bäsleşiginde "Oba hojalygy, daşky gurşaw we energetika" ugry boýunça Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyñ meselelerini çözmekde innowasion çözgütler öwreniler.

Uçýan awtoulaglary modelirlemek bäsleşigi awiasiýa söýüjilerini bu ugurda tejribe almaga çagyrýar, TEKNOFEST Drone Championship TRNC Stage çäklerinde bolsa meýdançada dron ulanmak ugry boýunça täze taslamalar görkeziler. TEKNOFEST Robolig - Blue Homeland bäsleşigi toparlara robototehnika we programmirleme ukyplaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. HackMasters Blue Homeland bäsleşigi kiberhowpsuzlyk ugrunda öz zehini açyp görkezmek isleýänler üçin gapylary açar.

TEKNOFEST-2025 festiwalynyň bäsleşiklerine gatnaşmak üçin arzalary tabşyrmak möhleti 15-nji ýanwarda tamamlanýar.

Bäsleşikler barada maglumatlary we gatnaşmak şertlerini bilen festiwalyñ saýtynda tapyp bilersiñiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026