Habarlar

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan halkara maslahaty geçirildiAnkarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi

24-nji sentýabrda Ankarada Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy we Ýewraziýa ykdysady gatnaşyklar assosiasiýasy (EkoAvrasya) tarapyndan gurnalan “Türkmenistanyň garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň geljegi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu çäre, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň bellenilmegine we Türkmenistan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlandy.

Bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda "U-Learning" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerine seredildiBilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda "U-Learning" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerine seredildi

Bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda "U-Learning" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerine seredildi

19-21-nji sentýabr aralygynda TBM-niň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti HHR-nyň Şanhaý şäherinde geçirilen "Huawei" kompaniýasynyň "Connect-2024" sergisine gatnaşmak bilen onuň çäklerinde «Akylly bilim ulgamy» bölümine baryp gördüler. Ol ýerde ýurdumyzyň bilim işlerini sanlylaşdyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan we "Huawei" sanly bilimiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylarTürkmenistan we "Huawei" sanly bilimiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan we "Huawei" sanly bilimiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew "Akyly güýçlendirmek" (Amplify Intelligence) şygary bilen geçýän “Huawei Connect – 2024” halkara forumyň çäklerinde Huawei kompaniýasynyň wise-prezidenti Lýu Guý bilen duşuşdy. Taraplar duşuşykda Türkmenistanda bilim ulgamyna sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Elistada halkara maslahat: Magtymgulynyñ 300 ýyllyk baýramçylygy galmyklary we türkmenleri birleşdirýärElistada halkara maslahat: Magtymgulynyñ 300 ýyllyk baýramçylygy galmyklary we türkmenleri birleşdirýär

Elistada halkara maslahat: Magtymgulynyñ 300 ýyllyk baýramçylygy galmyklary we türkmenleri birleşdirýär

20-nji sentýabrda Galmyk Respublikasynyñ (Russiýa Federasiýasy) paýtagty Elista şäherinde beýik şahyr Magtymguly Pyragynyñ doglan gününiñ 300 ýyllygy mynasybetli "Bakylygyň nyşanlary: türkmen we galmyk halklarynyň arasyndaky dostluk-doganlyk köprüsi" atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat «Asyrlar boýy halklar bilelikde» atly sebitleýin forumynyñ çäginde geçirildi.

Türkmenistan "Politehnik" belarus tehnologiýa parky bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýärTürkmenistan "Politehnik" belarus tehnologiýa parky bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär

Türkmenistan "Politehnik" belarus tehnologiýa parky bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär

19-njy sentýabrda Belarus Respublikasyndaky Türkmenistanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew Respublikan innowasion unitar kärhanasy bolan Belarusyñ milli tehniki uniwersitetiniñ "Politehnik" Ylmy-tehnologiýa parkyna baryp gördi. Tehnologiýa parkynyñ Baş direktory Georgiý Werşina bilen geçirilen duşuşygyñ dowamynda bilelikdäki ylmy-tehniki we innowasion işiniñ mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.