

AŞTU bilen hemişe aragatnaşykda galyň!
“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ-i öz müşderileriniň aladasyny edip, olara dürli hyzmatlardan peýdalanmakda amatlylygy we rahatlylygy hödürleýär.


“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ-i öz müşderileriniň aladasyny edip, olara dürli hyzmatlardan peýdalanmakda amatlylygy we rahatlylygy hödürleýär.


Amerikan telekompaniýasy CNN penşenbe güni ýüzlerçe işgäriň işden boşadyljakdygyny yglan etdi. Esasy sebäp – kompaniýanyň "ählumumy sanly tomaşaçylara" gönükdirilmegi üçin täzeden guramaçylyk geçirmegi.


Hytaýyň Amap öňdebaryjy nawigasion platformasy öz kartasynyň ilkinji iňlis dilindäki görnüşini döretdi. Ol ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň artýan sany üçin syýahatlaryny aňsatlaşdyrmaga gönükdirilendir.


Fransiýanyň iň uly muzeýiniň – Luwryň Baş direktory Lorans de Kar, köşgüň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, gurluşlaryň könelmegi we we munuň muzeý eksponatlaryna howp döredýändigini Medeniýet ministrligine arz etdi.


23-nji ýanwarda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş jaý toplumynda täze ýaşaýyş jaylarynyň dabaraly açylyşy geçirildi. Toplumyň çäginde 90-dan gowrak iki gatly kottej görnüşli jaýlar ýerleşýär. Şeýle-de, bu taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirligi we Malikguly Berdimuhamedow adyndaky muzeý gurlup, ulanmaga berildi.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mihail Kawelaşwilä Gruziýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallamy kabul etdi.


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 23-nji ýanwarda ÝUNISEF-niň ýurtdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratnanyň bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek we öňe sürmek ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar


Wise-kansler Endrýu Linnonyň ýolbaşçylygyndaky Westminster uniwersitetiniň wekiliýeti Türkmenistana geldi. Britaniýanyň ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri 19-25-nji ýanwar aralygynda dowam etýän saparyň çäginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary üçin hünär kämilleşdiriş okuw sapaklaryny geçidiler


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knyazlygyna iş saparyny amala aşyryp, Şazada Alber II bilen geçiren gepleşikleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykaryljakdygynyň subutnamasy boldy


ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Türkmenistanyň Hökümeti ýurtda ýerli öz-özüňi dolandyryşy kämilleşdirmek maksady bilen Tegelek Stol duşuşygyny geçirdiler


Donald Tramp prezident hökmünde Saud Arabystanyñ mirasdüşer şazadasy bilen ilkinji telefon arkaly gepleşigini geçirdi. Bu ýurt amerikaly prezident tarapyndan sapar üçin hem ilkinji ýurt hökmünde saýlanmagy mümkin.


EDI (maglumatlaryň elektron alyş-çalşygy) – kompaniýalara sanly görnüşde resminamalary we maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän tehnologiýa bolup, ol sargyt, üpjün etmek we hasaba almak işlerini ep-esli derejede aňsatlaşdyrýar. Sanlylaşdyrma geçmegiň çalt ösýän şertlerinde şeýle ulgamlaryň ornaşdyrylmagy işewürligi netijeli alyp barmak üçin örän möhüm bolup durýar.


22-nji ýanwarda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwadaky bölüminde geçirilen GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň garamagyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparyň mejlisinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi, Türkmenistanyň Ykdysady meseleler boýunça toparyndaky doly ygtyýarly wekili Esen Aýdogdyýew “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy barada” maglumatlar bilen çykyş etdi


Şweýsariýanyň kurort şäherçesi bolan Dawosda 20-24-nji ýanwar aralygynda dünýäniň iň uly we ähmiýetli ýyllyk wakalarynyň biri bolan Bütindünýä ykdysady forumy (BYF) geçirilýär