Habarlar

Moskwada rus dilini ösdürmäge bagyşlanan maslahat geçirilerMoskwada rus dilini ösdürmäge bagyşlanan maslahat geçiriler

Moskwada rus dilini ösdürmäge bagyşlanan maslahat geçiriler

Russiýa-Türkmen medeniýet merkezi we Hazarýaka döwletleriniň halklarynyň dostlugyny pugtalandyrmaga goldaw berýän «Hazar mirasy» gaznasy 13-nji fewralda «XXI asyryň ählumumy üýtgeşmeleriniň şertlerinde Russiýa we Hazar bäşliginiň medeniýetleriniň gepleşiginiň esas hökmünde rus dili» atly halkara maslahatyny geçirer. Rus dilini ilerletmäge gönükdirilen çäre Moskwanyň millilikler Öýünde onlaýn we offlaýn görnüşinde guralar

Aşgabatda Italýan dizaýniň güni geçirilerAşgabatda Italýan dizaýniň güni geçiriler

Aşgabatda Italýan dizaýniň güni geçiriler

Çäräniň çäklerinde talyplar, dizaýnerler hem-de binagärlik we dizaýn ugrundaky hünärmenler üçin ussatlyk sapaklar geçiriler. Gatnaşyjylar esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşmaga, täze çemeleşmeleri öwrenip, dizaýniň geljegi emele getirilişi baradaky tejribe bilimlerini alyp bilerler. Bu çäräniň aýratyn myhmany “Modenese Gastone Interiors Srl” lýuks brendiniň interýer boýunça meşhur dizaýneri Leandro Skalko bolar.

Hyratda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitaby tanyşdyryldyHyratda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitaby tanyşdyryldy

Hyratda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitaby tanyşdyryldy

2025-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynda (Hyrat şäheri) Owganystanda ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna maslahat geçirildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýörelgeleri durmuşa geçirmek: bilim pudagyHalkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýörelgeleri durmuşa geçirmek: bilim pudagy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýörelgeleri durmuşa geçirmek: bilim pudagy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 7-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda ýurtda yglan edilen şu ýylky “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygarynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýandygy hem-de ony durmuşa üçin uly jogapkärçilikli işiň garaşýandygyny nygtady. Bu döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň we medeniýetiň, ylymyň, bilimiň we beýleki ugurlarynyň wekilleriniň tagallalarynyň üns merkezine gönükdirilendir.