HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hyratda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitaby tanyşdyryldy

Fewral 10, 2025 | 10:00 |6273
2025-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynda (Hyrat şäheri) Owganystanda ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna maslahat geçirildi.2025-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynda (Hyrat şäheri) Owganystanda ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna maslahat geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygy

2025-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynda (Hyrat şäheri) Owganystanda ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk derejesiniň taryhy we ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Şeýle hem 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny mynasyp derejede geçirmek boýunça anyk işleri amala aşyrmak boýunça pikir alyşdylar.

1

Maslahatyň dowamynda ynsanperwer garaýyşlaryny dünýä ýaýmakda, türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň görkezilýändigi we milli taryhda ajaýyp yz galdyran beýik şahsyýet hakynda gürrüň berilýändigi dogrusynda aýtdylar. «Magtymguly – dünýäniň akyldary» kitaby diňe bir türkmen halkyna gollanma bolman, eýsem ähli adamzat üçin has möhüm üstünliklere we ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge ruhlandyrýan eserdigini belläp geçdiler.

2

Maslahatyň ahyrynda owganystanly abraýly türkmen wekilleri döwlet Baştutanymyzyň goňşy Owganystan döwleti bilen alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatyna buýsanýandyklaryny nygtap, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine döredijilik äleminde mundan beýläk-de üstünlikleri hem-de galamynyň ujynyň ýiti bolmagyny arzuwladylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026