Habarlar

Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatda birnäçe kanunlaryň taslamalary kabul edildiTürkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatda birnäçe kanunlaryň taslamalary kabul edildi

Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatda birnäçe kanunlaryň taslamalary kabul edildi

12-nji aprelde, şenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçirildi. Maslahatda “Kazyýet hakynda” (täze beýany), “1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi

Belgiýadaky Türkmenistanyň Ilçihanasynda žurnalist we hünärmen Derýa Soýsala metbugat kartasy gowşuryldyBelgiýadaky Türkmenistanyň Ilçihanasynda žurnalist we hünärmen Derýa Soýsala metbugat kartasy gowşuryldy

Belgiýadaky Türkmenistanyň Ilçihanasynda žurnalist we hünärmen Derýa Soýsala metbugat kartasy gowşuryldy

Halkara metbugat wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy çäklerinde Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasy tarapyndan halkara neşirleriniň — EU Reporter we Bruxelles Korner — žurnalisti, Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary öwreniji we daşky gurşawy dolandyrmak boýunça hünärmen Derýa Soýsal akkreditasiýa karty bilen sylaglandy

Sanly geljegi bilelikde döretmek: mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara IT-olimpiadasy başlandySanly geljegi bilelikde döretmek: mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara IT-olimpiadasy başlandy

Sanly geljegi bilelikde döretmek: mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara IT-olimpiadasy başlandy

Russiýada mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara IT-olimpiadasy başlady. Bu bäsleşige dünýäniň islendik ýurdunyň, şol sanda Türkmenistanyň hem 14–18 ýaş aralygyndaky ýokary synp okuwçylary gatnaşyp bilerler, hatda olaryň programma üpjünçiligi boýunça taýýarlygy bolmasa-da. Olimpiada RF hökümetiniň goldawy bilen, Nižegorodskaýa welaýatynyň hökümeti tarapyndan gurnaldy