HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2026-njy ýylda GDA ýurtlarynyñ meýletinçileriniñ ilkinji forumy Gazagystanda geçiriler

Aprel 11, 2025 | 18:11 |3926
Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ (GDA) ýurtlarynyň meýletinçileriniň ilkinji forumy 2026-njy ýylda Gazagystanda geçiriler.Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ (GDA) ýurtlarynyň meýletinçileriniň ilkinji forumy 2026-njy ýylda Gazagystanda geçiriler.
Çeşme: orient.tm

Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ (GDA) ýurtlarynyň meýletinçileriniň ilkinji forumy 2026-njy ýylda Gazagystanda geçiriler.

Bu karar Almatyda geçirilen GDA-nyñ Daşary işler ministrleriniñ geñeşiniñ (GDA DIMG) mejlisinde kabul edildi. GDA DIMG-e gatnaşyjylarynyñ öñünde çykyş etmek bilen, Gazagystan Respublikasynyñ medeniýet we habarlar ministriniň orunbasary Aýzada Kurmanowa meýletinçileriñ forumyny geçirmek baradaky başlangyjyñ 2023-nji ýylyñ oktýabrynda GDA-nyň döwlet baştutanlarynyñ geñeşiniñ mejlisinde Gazagystanyñ Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan öñe sürülendigini aýtdy.

Forum GDA gatnaşyjy-döwletleriñ arasynda ýaşlaryñ meýletinçilik hereketine goldaw bermäge hem-de medeniýetara aragatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Çäre sebitde tejribe alyşmak we meýletinçiligi ösdürmek üçin möhüm meýdança bolar. Bu bolsa jemgyýetde meýletinçileriñ barha artýan ornuny nazara almak bilen derwaýys mesele bolup durýar.

2024-nji ýylda GDA-da Meýletinçilik hereketiniñ ýylynyñ geçirilmegi şeýle forumyñ esaslandyrylmagynyñ zerurdygyny açyp görkezdi.

Geljekde indiki forumlaryñ GDA-nyñ beýleki ýurtlarynda nobat boýunça geçirilmegi meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Saturn, Mars we iki meteor akymy: oktýabr aýynda gijeki asmanda nämeler görüner

Saturn, Mars we iki meteor akymy: oktýabr aýynda gijeki asmanda nämeler görüner

11:21 Oktýabr 02, 2026
Samsung Galaxy S23 we Galaxy S24 Ultra seriýaly smartfonlar üçin One UI howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Samsung Galaxy S23 we Galaxy S24 Ultra seriýaly smartfonlar üçin One UI howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

11:18 Oktýabr 02, 2026
Google täze Gemini 4 Argon neýroulgamyny tanyşdyrdy

Google täze Gemini 4 Argon neýroulgamyny tanyşdyrdy

11:14 Oktýabr 02, 2026