Habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti daşary ýurtly myhmanlar bilen duşuşdyGurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti daşary ýurtly myhmanlar bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti daşary ýurtly myhmanlar bilen duşuşdy

28-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary hanym Inna Swýatenko bilen duşuşygy geçirildi

Ynsanperwer ugurda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşi bellendiYnsanperwer ugurda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşi bellendi

Ynsanperwer ugurda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşi bellendi

28-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili bilen duşuşdy

Ermenistanyň abraýly bilim edaralaryna iş sapary amala aşyryldyErmenistanyň abraýly bilim edaralaryna iş sapary amala aşyryldy

Ermenistanyň abraýly bilim edaralaryna iş sapary amala aşyryldy

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew 26-njy martda Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde geçirilen Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisiniň çäklerinde innowasion bilim modellerini öwrenmek, tejribe alyşmak we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Ermenistanyň abraýly bilim edaralarynyň birnäçesine iş saparyny amala aşyrdy