HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatdaky “Parahatçylyk we ynanyşmak marafony" seni çagyrýar!

Maý 28, 2025 | 23:50 |6370
Güýjüňizi, gowy tarapyňyzy we agzybirligiňizi görkezmäne taýyn boluň! Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde 2025-nji ýylyň Ýewropa güni mynasybetli uly göwrümli “Parahatçylyk we ynanyşmak marafonyna” çagyrýarGüýjüňizi, gowy tarapyňyzy we agzybirligiňizi görkezmäne taýyn boluň! Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde 2025-nji ýylyň Ýewropa güni mynasybetli uly göwrümli “Parahatçylyk we ynanyşmak marafonyna” çagyrýar
Çeşme: Delegation of the European Union to Turkmenistan

Güýjüňizi, gowy tarapyňyzy we agzybirligiňizi görkezmäne taýyn boluň! Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde 2025-nji ýylyň Ýewropa güni mynasybetli uly göwrümli “Parahatçylyk we ynanyşmak marafonyna” çagyrýar!

Bu diňe bir ylgaw ýaryşy bolman, sportuň, dostlugyň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň hakyky baýramçylygy bolar! Bilelikde ýatdan çykmajak şatlygy döretmek üçin bize goşulyň!

Haçan we nirede?

• Geçiriljek senesi: 2025-nji ýylyň 31-nji maýy

• Geçiriljek ýeri: Garaşsyzlyk seýilgähiniň gapdalynda

• Badalga/Pellehana: Türkmenbaşy şaýoly bilen 10 ýyl Abadançylyk (Moskowskiý) köçesiniň çatrygynda

• Wagty: 07:00 - 11:00 (Güni işjeň başlalyň!)

Kim gatnaşyp biler?

• 2 km: Ähli maşgala üçin amatly! Çagalaryňyzy alyň (16 ýaşa çenli – hökman ulular bilen bile bolmaly) we ýatdan çykmajak säheri bilelikde geçiriň!

• 5 km we 10 km: 16 ýaşdan uly we güýjüni barlamaga taýyn her bir adam üçin!

Ussat ýa-da täze başlan boluň tapawudy ýok, esasy – siziň hereket etmäge, güýjüňizi toplamaga we uly bir zadyň bir bölegi bolmaga bolan islegiňizdir!

Size garaşýar:

• Ýeňijiler we has işjeň gatnaşyjylar üçin baýraklar we sowgatlar!

• Ähli maşgalar üçin gyzykly ýaryşlar we sport güýmenjeleri!

• Umman ýaly oňyn duýgular we täze dostlar!

Nädip hasaba alynmaly?

Öňünden hasaba alynmagy sypdyrmaň!

• Ýeri: “Frappe Coffee Shop” atly kofe içilýän ýerde we “Tebigat Pet Shop” zoodükany

• Senesi we wagty: 29-30-njy maý, sagat 15:00-dan 19:00-a çenli.

Hasaba alnanyňyzda başlangyç belgiňizi, futbolkany alarsyňyz we degişli razylyk blankalaryna gol çekersiňiz. Möhüm! Ylgaw ýaryşy güni alan futbolkaňyzy we belgiňiz bilen hökman gelmegi unutmaň!

Hasaba alyş nokatlary (Google kartasyndaky baglanyşyklar):

• Frappe kofe içilýän ýer::

• Salgysy: Ýunus Emre köçesi, Parahat 3/1, jaý 52

• Tebigat zoodükany::

• Salgysy: Magtymguly şaýoly, jaý 150/1

Ylgaw ýaryşynyň maksatnamasy:

• 7:00 - 7:15: Duşuşyp, badalga taýyn bolmak!

• 7:15: Dabaraly açylyşy!

• 7:30: 2 km maşgala bolup ylgaw ýaryşyna badalga berilemgi!

• 7:45: 10 km ýaryşyna badalga berilmegi (Iň çydamlylar üçin!)

• 8:00: 5 km ýaryşyna badalga berilmegi (Köpler üçin ajaýyp saýlaw!)

• 9:30: Ýeňijileri sylaglamak we baýramçylygyň ýapylyşy!

Soraglaryňyz barmy? Bize jaň ediň!

• Arslan Nurýagdiýew: +99364 101018

Geliň, bu şenbe güni bilelikde ýatdan çykmajak pursada öwreliň! Parahatçylyga, ynanyşmaga we jebislige tarap hereket edeýliň!

imgonline-com-ua-Frame-blurred-9u7ZfMNONvu.jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026