Habarlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlarMaryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin durmuş we ýaşaýyş infrastrukturasyny ösdürmek anna güni Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagynda bolan amaly meseleleriň biri boldy. Ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygy boýunça meýilleşdirilen işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow hasabat berdi