HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Şwesiýadaky saýlawlar: Kristersson wezipesinden çekilýändigini yglan etdi we sosial ulgamlarda beýannama çap etdi

Sentýabr 18, 2026 | 23:00 |223
Çeşme: orient.tm

Şwesiýada geçirilen parlament saýlawlary oppozisiýanyň ujypsyz artykmaçlygy bilen tamamlandy. Emma indi täze hökümeti döretmek üçin syýasy garaýyşlary dürli bolan dört partiýanyň ylalaşyga gelmegi zerur bolar. Premýer-ministr Ulf Kristerssonyň wezipesinden çekilmeginden soň esasy üns sesleriň sanalmagyndan geljek hökümetiň düzümi boýunça geçiriljek gepleşiklere gönükdirildi.

«Indiki ädimleri täze hökümeti döretmek boýunça işlere ýolbaşçylyk etjek parlamentiň spikeri kesgitlär. Bu işiň haýal etmän başlanmagy üçin şu hat arkaly premýer-ministriň wezipesinden boşadylmagymy haýyş edýärin» diýip, Kristerssonyň parlamentiň spikerine iberen we X sosial ulgamynda çap eden hatynda aýdylýar.

Şwesiýanyň Saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, ýurduň ähli 6626 saýlaw okrugyndaky sesler sanalandan soň, oppozisiýanyň düzümindäki dört partiýa bilelikde 49,6 göterim ses alyp, 349 orunlyk parlamentde 176 orun gazandy. Kristerssonyň hökümetini goldan partiýalar blogy bolsa 48,8 göterim ses alyp, 173 orun eýeledi.

Oppozisiýa koalisiýasynyň düzümine Sosial-demokratik partiýa, Çepçiler partiýasy, Ýaşyllar partiýasy we Merkezi partiýa girýär. Saýlawlaryň netijeleri boýunça iň iri syýasy güýç sosial-demokratlar boldy. Olar sesleriň 28 göterimini alyp, parlamentde 99 orun gazandylar.

Indi dört partiýa täze hökümetiň gurluşyny kesgitlemeli we bilelikdäki syýasy maksatnama boýunça ylalaşmaly. Olaryň garaýyşlarynyň arasyndaky tapawutlar sebäpli bu işiň aňsat bolmazlygy mümkin. Şwesiýanyň teleýaýlymynyň syýasy synçysy Mets Knutson salgyt salmak, kesel sebäpli işe çykylmadyk döwür üçin töleglere edilýän serişdeler we atom energetikasy meselelerini partiýalaryň arasynda düşünişmezlikleriň bar bolan esasy ugurlary hökmünde görkezdi. Şol bir wagtyň özünde, onuň aýtmagyna görä, beýleki ugurlar boýunça-da ylalaşyga gelmek mümkin.

CCTV+ agentliginiň habar berşi ýaly, saýlawlaryň netijeleri yglan edilip, premýer-ministr wezipesinden çekilenden soň, Şwesiýada esasy üns indi täze hökümeti döretmek boýunça geçiriljek gepleşiklere gönükdirildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň we Hytaýyň wetosyndan soň Eýrana garşy sanksiýalar boýunça bilermenler toparynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmady

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň we Hytaýyň wetosyndan soň Eýrana garşy sanksiýalar boýunça bilermenler toparynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmady

23:30 Sentýabr 18, 2026
Şwesiýadaky saýlawlar: Kristersson wezipesinden çekilýändigini yglan etdi we sosial ulgamlarda beýannama çap etdi

Şwesiýadaky saýlawlar: Kristersson wezipesinden çekilýändigini yglan etdi we sosial ulgamlarda beýannama çap etdi

23:00 Sentýabr 18, 2026
Ýaponiýanyň premýer-ministri esasy ýaranlaryny wezipesinde saklap, LDP-niň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler geçirýär

Ýaponiýanyň premýer-ministri esasy ýaranlaryny wezipesinde saklap, LDP-niň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler geçirýär

22:00 Sentýabr 18, 2026