

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 70 ýaşyny belleýär
17-nji maýda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz doglan gününi belleýär. Ol 70 ýaşady.


17-nji maýda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz doglan gününi belleýär. Ol 70 ýaşady.


17-nji maýda Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň şu ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek saýlawlarynyň öň ýanyndaky möwsüm başlanýar. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde yglan edildi.


Sişenbe güni Aşgabat şäherinde «Bitarap döwletleriň ÝHHG-nyň sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde tutýan orny» atly halkara forum geçirildi. Bu çäre, Türkmenistanyň Mejlisi we Ýewropadaky howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasynyň Assambleýasy (ÝHHG-nyň PA) tarapyndan «Herekete çagyryş – Helsinki +50» başlangyjynyň çäginde gurnaldy.


Ýakyn wagtda “Türk howa ýollarynyň” howa gämileriniň täze uçarlaryň 600-si bilen üsti ýetiriler. Türk awiakompaniýasy Amerikanyň Boeing konserni bilen iň uly şertnama baglaşdy – diýip, Eurasia Daily neşiri habar berýär.


Täze doglan guzylar paýtagt haýwanat bagynyň "ýaşaýjylarynyň" üstüni doldy. Bu baharda dag goýnunyň 9 guzusy dünýä indi.


Sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfeldi kabul etdi.


Sian, Hytaý-Merkezi Aziýa sammitine garaşýar. Başlamagyna sanlyja günler galdy. Sinhua habarlar agentligi Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň gatnaşmagynda geçiriljek ýokary derejeli forum barada gürrüň berýär.


Aşgabatda bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmek taslamasy ylalaşyk tapgyrynda – diýip, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin Tomsk döwlet uniwersitetinde geçirilýän “Waldai” halkara diskussiýa klubynyň üçünji Merkezi Aziýa maslahatynda aýtdy. (TDU).


Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Goetzpartners kompaniýasynyň (Mýunhen, Germaniýa) ýolbaşçylary kabul edildi. Ýewropanyň öňdebaryjy maslahat beriş kompaniýalarynyň biriniň wekiliýeti bilen gepleşikleri Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew geçirdi.


Hytaýyň Nebit uniwersitetinde (Pekin) okaýan Merkezi Aziýaly talyplar Hytaýyň prezidenti Si Szinpine hat ýazdylar. CGTN habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, hatyň esasy awtory türkmenistanly talyp Rahman Baýramdurdyýew bolup, onuň adyna Hytaýyň liderinden hatyň jogaby gelip gowuşýar.


ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň prezidenti Margaret Sederfelt we Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew duşuşygyň dowamynda döwlet we syýasat pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini, parlament diplomatiýasyny we energetika, daşky gurşaw howpsuzlygy pudagynda, ynsanperwer ölçeg meselelerinde ýaşlaryň parlamentarizmini ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar.


Sişenbe güni, 16-njy maýda wideokonferensiýa görnüşinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň 5-nji mejlisi geçirildi.


Ynsanperwer kömeginiň çäklerinde Türkmenistandan üç lukman Owganystanyň Turgundy şäherçesine geldiler - diýip, ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


18-nji maýda başlanjak «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň meýdançasynda Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) ýurtlarynyň iri maglumatlar agentlikleriniň baştutanlary durnukly ösüş we ykdysady gülläp ösüş üçin mediada hyzmatdaşlyk etmäge bagyşlanan sessiýany geçirerler. Bu barada tatar KHBS habar berýär.


Amerikaly Rendi Williams BMG tarapyndan ykrar edilen ähli 193 ýurda aýlanyp çykyp, bütindünýä gezelenjini tamamlady. Jahankeşde üçin syýahatyň soňky nokady Türkmenistan boldy.