

Siriýa, Uganda we Burkina-Faso Türkmenistanyň Bitaraplygyň dostlary toparyna agza boldular
Türkmenistanyň başlangyjy bilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna üç sany täze agza ýurt — Burkina-Faso, Siriýa Arap Respublikasy we Uganda goşuldy. "Agzalaryň sanynyň artmagy bitaraplyk ýörelgeleriniň has giňden ulanylmagy esasynda Toparyň ählumumy parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüş maksatlaryna bolan ygrarlylygyny güýçlendirer” – diýlip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky diplomatik wekilhanasynyň internet sahypasynda ýerleşdirilen habarda bellenilýär.



















